BOLELIN DURMUŞYŇ HÖZIRI

      Ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ykdysady pudakda obasenagat önümleriniň düzümini artdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk hem gowulandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy we onuň dünýäniň ösen derejelerine ýetirilmegi ugrunda ýadawsyz işler alnyp barylýar. Welaýatlarda, etraplarda we oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala gelmegine, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen, oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmäge, döwletimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar we bu işler öz gezeginde bereketli türkmen bazarynyň hem ýaýbaňlandyrylmagyna uly itergi berýär.

      Ähli welaýatlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän bazarlar hem gözel görke beslenip dur. Gurluşyk tärleri babatynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde ýerleşen «Altyn asyr» gündogar bazaryna kybapdaş edilip gurlup ulanylmaga berlen welaýatyň bu iri söwda merkezi haly gölüniň şeklindäki binagärlik aýratynlyklaryna eýe bolup, türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň nyşany hökmünde aýratyn tapawutlanýar.

Bu bazar gündogara mahsus bolan aýratynlyklara eýe bolup, onuň ummasyz uly meýdanda ýerleşdirilendigine garamazdan, onuň çäginde alyjylar üçin örän oňaýly mümkinçilikler we şertler döredilipdir. Bazaryň merkezinde ýerleşdirilen ýazgy degişli söwda nokatlarynyň ýerleşýän ýerlerini aýdyňlyk bilen görkezýär. Täze söwda merkezinde ýörite dükanlar bilen bir hatarda, telärleriň aşagynda hem söwda nokatlary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem, bu ýerde ammarlar hem-de ulaglar üçin niýetlenen ýörite duralgalar, haly, mal söwdasy üçin aýratyn ýerler göz öňünde tutulandyr.

      Alyjylaryň söwdalaryny has-da ýeňilleşdirmek maksady bilen, söwda toplumynyň çäklerinde ulaglar üçin niýetlenen asfalt düşelen çatrykly ýollar we pyýadalar üçin ýodalar hem gurlup ulanylmaga berildi.Bazar dürli görnüşli harytlara baý bolup, olar elektronika we hojalyk tehnikasyndan, gurluşyk harytlaryndan, zergärçilik önümlerinden, mebeller we dokma önümlerinden, iýmit we beýleki zatlardan ybarat bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bazaryň meýdançasy ýöriteleşdirilen söwda zolaklaryna bölünipdir we olaryň hersi belli bir görnüşdäki harytlary satmaga niýetlenendir. Bazaryň çäklerinde ýerleşdirilen naharhanalarda gyzgyn we sowuk naharlar, süýjüli içgiler giňden üpjün edilendir. Şeýle-de, welaýatyň bu söwda merkezinde dynç almak üçin hem oňaýly şertler, alyş-çalyş nokady we beýleki mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.

      Bazarda ýerleşdirilen we satuwa çykarylan önümleriň görnüşleriniň köpdürliligi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň we azyk senagatynyň mümkinçilikleriniň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurulýan bazarlar türkmen myhmansöýerligini we elaçyklygyny, haryt bolçulygyny görkezmek bilen, bazarlaryň harytlardan dolulygynyň hem-de olaryň halkymyz üçin elýeterli bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýeri gelende aýtsak, türkmen bazarynyň bolçulygy öz gezeginde ýurt parahatçylygynyň, döwletimiziň halkara gatnaşyklary ulgamyna barha sazlaşykly aralaşýandygynyň we Diýarymyzda öndürilýän önümleriň hem görnüş taýdan barha baýlaşýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

      Welaýatyň halkyna oňyn we hemmetaraplaýyn hyzmat etjek bu iň iri Gündogar bazary welaýatyň müňlerçe ýaşaýjylary üçin täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýär.

 

Mährijemal TOÝMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar