DÜRDEN ZYÝADA HAZYNA

     Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrmyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny döredijiliginiň üsti bilen beýan edipdir. Ol ähli zadyň edep-ekramdan başlanýandygyny-da täsirli setirleriniň üsti bilen aýtýar:

Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,

Märekede otur-turuşyn görüň

Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,

Owwal ykrarynda durşyn görüň.

 

     Beýik şahyryň döredijiligi üç asyra basalyk döwrüň dowamynda türkmeniň terbiýe mekdebiniň özeni bolup gelýär. Ussadyň döredijiligi durmuşyň päkize ýollarynyň beýany. Şonuň üçin-de akyldaryň her bir setiri, her bir sözi türkmeniň ömürboýy ýüreginde ýaşaýar. Onuň terbiýeçilik ähmiýeti hiç bir ýaşda-da täsirliligini ýitirenok. Gaýtam ynsanyň ýaşy goýaldygyça, ol setirleriň täsirliligi artýar. Şeýdip ol ömürboýy ýagşyny ýaýmagy, ýamany ýazgarmagy ýörelge edinýär. Ynsandan diňe ýagşy adyň ýadygär galmalydygyny Magtymgulynyň hazynasyndan çagalykda susyp alyp, ýüregine guýýar:

Ýalançyda ýegdir galsa ýagşy at,

Bu dünýäde gelmiş bolsaň, öter sen

 

     Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy haýsy babatda alnan-da bahasyz gymmatlykdyr. Onuň çeper sözi halk döredijiligine eýeläp ýüreklere ýetirmekdäki mekdeplik ýoly bar. Ussadyň diňe halk döredijiligini, nakyllary we beýlekileri peýdalanyşy, olaryň halkyň sözleýiş diline siňip gidişi barada geçen asyryň tutyş dowamynda ýazylan onlarça ylmy işlerden çen tutanyňda-da, Magtymgulynyň dünýäsiniň näderejede baýdygyndan habar berýär. Akyldaryň şygyrlary näçe susdugyňça, aby-köwser suwy soňlanmaýan çuňňur guýa çalym edýär. Alym şahyr Ahmet Mämmedowyň aýdyşy ýaly, «Magtymgulynyň döredijiliginiň bir tarapyndan baryp synlasaň, aňry başy has owadan görünýär-de, ol hazynanyň haýsy gyrasyndan girjegiňi bilmänem esli wagtyňy gidirýän. Ýöne wagtyň gideni bilen seniň ýitirjek zadyň ýokdur. Sebäbi ol şygryýet bossanlygynyň islendik gyrasyndan bir ömre ýeterlik paýhas çemenini bogup bolýar».

     Pyragynyň şygryýetiniň gymmatly tarapy ony dünýäniň islendik halkyna-da degişli edip bolýar. Çünki ol şygyrlarda aýdylan pikirler agram babatda, gymmatlylyk jähetden islendik halkyň wekili üçin täsirli. Şahyr bu barlyk, ynsan dünýäsi, hemmeler üçin umumy bolan watanperwerlik, yşk bilen baglanyşykly pelsepeli pikirlerini inçelik bilen beýan edipdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň tagallalary bilen bu günki gün Magtymguly Pyragynyň çuňňur pelsepä ýugrulan ajaýyp goşgulary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň ruhy baýlygyna öwrüldi. Şoňa görä-de nusgawy Şahyryň mertebesiniň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir.

 

Şemşat BAÝÝAÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 108 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 727 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER