Ýüreklere ýürek sözün dolduran,
Dür söz bilen dünýä özün aldyran,
Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez,
Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz –
Şahyr Gara Seýitliýewiň bu setirleri türkmen edebiýatynyň täji, beýik akyldar Magtymguly Pyraga bagyşlanandyr. Akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy köptaraplydyr. Şahyryň tematikasy syýasy-sosial, yşky-liriki ýaly birnäçe mazmunly toparlara bölünýär. Olarda biri-biri bilen baglanyşykly juda köp pikirler öňe sürülýär. Il içinde haýsy bir mesele barada gürrüň edilse “Magtymgulynyň aýtmadyk zady ýok” diýlip, soňra onuň şygyrlaryndan mysallaryň getirilmegi hem şol sebäplidir. Emma pähimdaryň poeziýasynyň tematik we ideýa ugurlary bir zatda bitewidir: şahyr olaryň hemmesinde il-gününiň aladasyny edýär, olaryň agzybir, asuda, bagtly ýaşamagynyň ýollaryny agtarýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi onuň halkyna nähili uly hyjuw bilen hyzmat edenliginiň äşgär subutnamasydyr.
Magtymguly Pyragynyň çuň mazmuna ýugrulan şygryýet dünýäsi ony diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, doganlyk halklarynyň hem söýgüli şahyryna öwürdi. Onuň at – owazasy, hormaty, mertebesi uzak menzillere ýetdi. Magtymguly Pyragynyň umumadamzat mertebesiniň şu beýik basgançagyna çenli ýokary göterilmeginiň sebäbi onuň giň dünýägaraýşy, belent adamkärçiligi bilen bagly bolup, eserlerini halkyň durmuşyna bagyşlandygy üçindir.
Akyldar şahyryň döredijiligine halkyň söýgüsi, sylagy hemişe-de beýik bolupdyr. Munuň şeýledigine görnükli ýazyjy N.Saryhanowyň “Kitap” atly hekaýasyny okanyňda-da magat göz ýetirmek bolýar. Hekaýada hat-sowady bolmadyk Welmyrat aganyň ýekeje düýesini Pyragynyň kitaby bilen çalşandygy inçelik bilen beýan edilipdir.
Magtymguly Pyragynyň baý, köptaraplaýyn döredijiligi çeper edebiýatda, hususan-da türkmen edebiýatynyň ussat wekilleri B.Kerbabaýewiň, B.Seýtäkowyň, G.Kulyýewiň, G.Ezizowyň, K.Gurbannepesowyň, G.Gurbansähedowyň we beýleki ençeme şahyrlaryň eserlerinde şahyrana wasp edilýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy K.Gurbannepesow akyldary:
Ýöne bir uly däl, juda uly sen,
Dag ogly, dag şiri Magtymguly sen.
Şonuň üçin saýlap daşlaň ulusyn,
Ýasadyk biz senden dagyň ýagşysyn –
diýip taryplasa, meşhur ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow akyldary şeýle wasp edýär:
Gerkez asmanynda gözüme ildi
Ala-böle ýyldyz.
Bu niçik ahwal?
Bu jülgeden uçup giden şahyryň
Ýyldyza öwrülen bolmagam ahmal –
Elbetde Magtymguly temasy diňe çeper edebiýat bilen çäklenmeýär. Meşhur kinorežissýor Alty Garlyýewiň ýolbaşçylygynda Magtymguly barada çeper film ekranlaşdyryldy. Şahyryň suratlary nepis türkmen halylaryna çitildi, paýtagtymyzda we Magtymguly etrabynda onuň ýadygärlikleri dikeldildi. Mundan başga-da, türkmen şahyrlarydyr ýazyjylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly birnäçe ylmy, dissertasiýalary goradylar. Şeýle-de bolsa, ol henizlerem çeper döredijilik we ylmy derňewler üçin çeşmesi egsilmeýän şahyr bolmagynda galýar.
Aýjan SAPAROWA,
Medeniýet we syýahat žurnalynyň
jogapkär kätibi.