Türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda esasy orun Magtymguly Pyraga degişlidir. Parasatly şahyr Magtymguly türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy, milliligi ösdürip durmuş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyr bolup, onuň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz han Türkmenden, Gorkut ata Türkmenden, Görogly beg Türkmenden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar. Şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze hyruç, täze ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun döredýär.
Akyldar şahyrymyzyň edebi mekdebiniň emele gelmeginde şahyryň ýaşan gurşawynyň, alan ylym-terbiýesiniň, eýeren edebi däpleriniň degerli täsiri bolupdyr. Şahyr diňe öz halkynyň däl, Gündogar halklarynyň-da geçmişini, edebiýatyny, sungatyny, filosofiýasyny gowy bilipdir. Onuň goşgulary kämillik derejesine ýeten şahyrlarymyza köp derejede nusgadyr.
Magtymgulynyň döredijiligine göz gezdirsek, onda şahyryň döredijiliginiň aglabasynyň halk üçindigini görýäris. Her bir pursatda ol halky ýadyndan çykarmaýar. Halka göwünlik berip:
Kyýamatdan bir söz diýdim bakaýda.
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,
Zalymlar hor bolar, galar aýakda,
Garyp sen ýyglama, şir dek bolar sen!
Bu şygyrlaryň özi nusgawy şahyrymyzyň nazaryndan hiç bir durmuşy temanyň sypmandygyny görkezýär. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman, eýsem, ol umumadamzat şahyrydyr. Halkymyz özüniň beýik şahsyýetine çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen halkynyň synmajak sütünine öwrülýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň bitewi we jebis jemgyýetimiziň belent döredijilik ruhuny öz içine alýan hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan umumymilli baýram hökmünde bellenmegi biziň her birimizi watançylyk duýgusyna, uly ruhubelentlige besleýär.
Bu gün külli türkmen iliniň akyldaryň bir başa uýmak sargydyndan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jem bolup, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ajaýyp baýram edilmegi, akyldar şahyryň edebi mirasynyň öwrenilmegi, dünýä giňişliginde wagyz edilmegi biz ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.