MAGTYMGULY PYRAGY: MILLI TERBIÝE WE ÝAŞLAR

     Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasy, däp-dessurlary, taryhy we edebiýaty bilmeklik adamyň bilim sowatlylygynyň, watansöýüjilik, halka wepalylyk ýaly ahlak çeşmeleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň biziň üçin özboluşly terbiýe mekdebidigini bellemek bilen, şahyryň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda birnäçe asyrlaryň dowamynda nesilleriň terbiýelenip gelnendigini yzygiderli nygtaýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: “Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk taryhy ýolunda egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilim mirasyny, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, ene-ata, jemgyýete, dünýä, durmuşa bolan beýik söýgä ýugrulan milli terbiýe mekdebini döredipdir.” diýip belleýär.

     Akyldar şahyryň şygyrlary gün geçdigiçe ynsan durmuşynda özüniň ähmiýetini barha berkidýär. Şahyryň ýaşlarmyza ýüzlenen setirleriniň käbirlerine ser salalyň. “Daň atmazdan burun” atly şygrynda:

Zynhar, ýaşulyňy syla,

Baş göre girmezden burun.

 

diýmek bilen, ýaşuly nesil bilen ýaş nesliň aratapawudy, geçilen ýollaryň baý tejribesi barada aýdýar. Galyberse-de her bir perzendiň ene-atanyň öňündäki borjy, uly ýaşlylara sylag-hormatyň bolmalydygyny nygtaýar, her bir maşgalanyň başynyň heniz dirikä onuň hormatynyň tutulmalydygy belleýär. Şahyr “Eýlegil özüň” atly goşgusynda:

Akyl gerekdir başda,

Zen-de, goja hem ýaş-da,

Tapawudy bar aşda

Gymmaty başga duzuň.

 

akyl-paýhasyň islendik ýaşdaky ynsana zerurlygyny, oýlanşykly we kesgitli edilen işiň rowaçdygyny nygtaýar.

     Bu günki şahyryň şygyrlary ýaşlarmyzyň dilinde we ýüreginde ýaşaýar. Şahyryň goşgulary türkmen halkyny iň çylşyrymly ýyllarynda, şöhratly we ýeňişli günlerinde-de ruhy taýdan goldaw beripdir. Sözümiz gury bolmaz ýaly Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda-da 1944-nji ýylda türkmen alymlary akademik Baýmuhammet Garryýewiň neşire taýýarlamagynda, professor Mäti Kösäýewiň redaksiýasy bilen uly ýaşly çagalar üçin goşgular ýygyndysy halk köpçüligine ýetirildi. Şeýle hem 1983-nji ýylda ýaşlar üçin Ý.Pirgulyýewiň redaktorlygynda Magtymguly Pyragynyň ýaşlara niýetlenen goşgulary çap boldy.

     Häzirki wagtda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu şanly senäni dabaraly bellemek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi. Munuň özi türkmen topragynyň beýik ogluna belent hormat goýulýandygyny tassyklamak bilen, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymgulynyň döredijilik mirasyny has düýpli öwrenmek hem-de giňden ýaýmak meselelerine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge ýardam berer.

 

Jemal SAPAROWA,

“Arkadagly Ýaşlar” žurnalynyň bölüm redaktory.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 108 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 727 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER