Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlaryny ebedi şöhratlandyrýar. Gündogar nusgawy edebiýatynda çeper eserleri bilen türkmeniň adyny belende galdyran köp sanly şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň atlary hakydalarda baky ýaşaýar. Şeýle ägirt zehinleriň biri-de, dünýä medeni mirasynyň genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragydyr. Ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň ruhy teşneligini ajaýyp we sagdyn pikirleri bilen gandyryp, ruhy lezzet berýän Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen pelsepesini mazmun taýdan baýlaşdyrdy. Akyldar şahyryň edebi mirasy köpöwüşgünli bolup, onda şöhlelenmedik mesele az bolsa gerek.
Magtymguly Pyragynyň “Bir suprada eda bolsun aşymyz” diýen setirlerinde we beýleki şygyr diwanynyň mazmunynda halkyň berkarar döwlet gurmagy, nesilleriň bagtly durmuşda erkin ýaşamagy baradaky arzuw-islegleri Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen hasyl boldy. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary halky halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Bu gün dana şahyryň şygyrlarynda beýan eden arzuw-umytlarynyň Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalarda täze belentliklere beslenýändigi aýdyň görünýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň merkezi kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň kakasy, ilkinji halypasy, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur “Wagzy-Azat” eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy halkymyzyň beýik şahsyýetlere aýratyn hormat goýýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda adamyň we raýatyň tebigy we mizemez hukuklary, milli däp-dessurlarymyz, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzdan kämilleşip gelen ata-enä hormat, ula-kiçä sylag, watansöýjülik, ynsanperwerlik, geçirimlilik, kanagatlylyk we myhmansöýerlik ýaly ýagşy ýörelgelerimiz täze öwüşgine eýe boldy. Nusgawy söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň: “Ozal akan ýerden akarmyş aryk...” diýşi ýaly, ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gelýän ahlak kadalary ýaş nesle öwretmek, bilim-sowat, edep-terbiýe bermek ýaly asylly ýörelge arkama-arka dowam edip gelýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň döwrebap bilimli, ökde hünärli, kämil ahlakly, ilhalar, watansöýüji bolup ýetişmekleri baradaky aladalar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim pudagyny düýpli özgertmek baradaky syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar.
Bütin ömrüni halkyň hyzmatyna bagyşlan Magtymgulynyň döredijilik älemi baý we köptaraplaýyndyr. XVIII asyr türkmen durmuşy, döwrüň taryhy we syýasy wakalary, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, özüni kemala getiren halka bolan ýyly mähir, döwrüň ýaşaýyş-durmuş meseleleri, tebigat gözelligi, ahlak arassalygy, söýgi tämizligi... − bularyň ählisi şahyryň döredijiliginde orun tapypdyr. Magtymguly diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem türki dilli edebiýatyň taryhynda hem uly öwrülişik döreden şahyrdyr. Akademik W.W.Bartold “...Türki halklaryň arasynda diňe türkmenleriň öz milli şahyry – Magtymgulysy bar.” diýen mahaly hut şol öwrülişigi göz öňüne tutan bolsa gerek.
Umuman, bu günki gün Magtymgulynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgulary halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy hökmünde ýaňlanýar, gadymdan bäri türkmeniň milli ruhunyň sütünini düzýän ajaýyp döredijilik ýörelgeleriniň waspyna öwrülýär.
Pirnazar REJEPOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.