Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalygy püre-pür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy. Adamzadyň arzyly oý-hyýallaryny jahana ýaýan şahyr bu gün ynsanlaryň buýsanjyna öwrüldi. Onuň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi türkmen jemgyýetiniň, şu günki we geljekki nesillerimiziň ruhy kämilligini, ruhy sagdynlygyny üpjün edýän ýörelgelerimiziň biridir. Akyldar şahyrymyz türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr.
Magtymguly türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Ol sözüň doly manysynda nusgawy edebiýaty esaslandyryjydyr. Bu barada belli edebiýaty öwrenijileriň biri: «Eger belli bir halkyň belli bir döwürdäki mahsus sypatlaryny has mahsus sypatda görkezýänligi manysynda edebiýatda «nusgawy» edebiýat diýlip at berilmegi türkmen edebiýaty barada ulanylmakçy bolsa, onda elbetde, şol at XVIII-XIX asyrlaryň türkmen poeziýasyna berilmelidir. Ol poeziýanyň has aýdyň we mahsus wekili bolsa, türkmen halky tarapyndan henize çenli-de örän hormatlanýan şahyr Magtymguly bolmalydyr» diýýär. Wamberi: «Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasyna goşup aýtmak türkmen üçin iň gowy hezillikdir. Magtymguly dünýäniň ähli kitaplaryny, ylmyny gowy bilip, ajaýyp zatlar döredipdir, örän oňat goşgular ýazypdyr» diýip, uly baha beripdir. Görnükli rus alymy, türkolog Samoýlowiç şahyr barada: «Gökleň urugynyň gerkez tiresinden bolan Magtymguly külli türkmeniň halypasydyr» diýip ýazýar. Samoýlowiç türkmeniň Magtymgulysyny öwrenmekde gymmatly işiň başyny başlaýjydyr. Şeýle dünýäniň alymlarynyň ünsüni özüne çekip bilen beýik akyldara neneň guwanmajak ýa-da oňa umumadamzat şahyry diýmejek.
XVIII asyrda beýik Magtymgulynyň: «Bir suprada eda bolsun aşymyz» diýip, türkmenleriň agzybirligi, jebisligi hakda eden arzuwlary, biziň ajaýyp döwrümizde, bagtyýar günlerimizde wysal boldy. Bu gün ykbaly belentliklere göterilen Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik höküm sürýän kuwwatly, baky Berkarar ýurda öwrüldi. Halkymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwrenilmäge giň ýol açyldy, ahlak arassalygyny, päk söýgini, jebisligi ündeýän edebi-ruhy gymmatlyklarymyz halkymyza gowuşdy. Türkmeniň şeýle nusgalyk şahyryna dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändigini bellemek bolsa, has-da ýakymlydyr.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda şanly seneler mynasybetli, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaraly çäreler guralýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň sarpasy belentde tutulýar. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynda kabul edilen Karara laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagynyň özi akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Akyldar şahyrymyzyň belent adynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ýylymyzyň şygarynda berkidilmegi akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny, şahyryň sarpasyny dünýäde dabaralandyrýan halkymyz üçin baýramçylyk ruhundaky çagyryş boldy. Şu ajaýyp ýyl şahyryň dürdäne şygyrlaryna teşne halkymyz üçin, onuň edebi mirasyny öwrenýän her bir şahyr, alym ýa-da islendik kärdäki adam üçin dana akyldaryň mirasyny ýene-de bir gezek içgin seljermegiň, ony dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmegiň aýdyň ýolunda anyk we netijeli ädim boldy.
Dana akyldaryň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.