Häzirki wagtda ýurdumyzda adamyň we raýatyň tebigy we mizemez hukuklary, milli däp-dessurlarymyz, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzdan kämilleşip gelen ata-enä hormat, ula-kiçä sylag, watansöýüjülik, ynsanperwerlik, geçirimlilik, kanagatlylyk we myhmansöýerlik ýaly ýagşy ýörelgelerimiz täze öwüşgine eýe boldy. Nusgawy söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň goşgusynda: «Ozal akan ýerden akarmyş aryk...» diýlişi ýaly, ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gelýän ahlak kadalary ýaş nesle öwretmek, bilim-sowat, edep-terbiýe bermek ýaly asylly ýörelge arkama-arka dowam edip gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ösüp gelýän nesli ylymly-bilimli, Watana wepadarlyk, ynsanperwerlik, ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemek barada öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi ösüp gelýän nesle döwrebap bilim-terbiýe bermegiň, Watana wepaly, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary ýetişdirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny tassyklaýar. Çünki, ýurdumyzyň geljegi bolan watansöýüji, belent ahlakly, ylymly-bilimli ýaşlar döwletiň kämil ösmegini hem-de howpsuzlygyny üpjün etmekde esasy şertleriň biridir. Bagtyýar geljegiň bilimiň kämilligine baglydygyny, ylym-bilimiň ynsanyň giň gözýetimli bolmagynda wajyp orun tutýandygyny Magtymguly atamyzyň: «Alymlara uýsaň, açylar gözüň» diýen goşgy setirlerinden aýdyň görmek bolýar.
Şahyryň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri belent adamkärçiligiň, ruhy päkligiň, ahlaklylygyň, mertligiň, watansöýüjiligiň ölçeg daşy bolup, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýär. Onuň iline bagyş eden altyn setirleri häzirki ýaşlary hem-de geljekki nesli watançylyk ruhunda terbiýeläp, olary lebzi halal, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly adamlar edip ýetişdirmekde nusga alarlyk mekdepdir.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ser salsaň, onuň ünsden düşüren zady ýok diýip aýtmaga doly esas bar. Onuň eserlerini haýsy käriň, haýsy hünäriň eýeleri okasa, özüne degişli meseläniň üstünden baryp, ol ugur boýunça ylmy garaýyşlara göz ýetirip bilýär. Akyldaryň eserlerinde ylmyň ähli ugurlary barada agzalýar. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda islendik sowala jogap tapyp bolýandygyny aňladýar.
Umuman, Magtymguly atamyzyň eserleriniň gadyr-gymmaty çäksizdir. Onuň döredijiligi häzirki zaman ýaşlarymyzy hem-de geljekki nesillerimizi terbiýelemekde juda ähmiýetlidir. Bütin manyly ömrüni, çuňňur mazmunly döredijiligini eziz Watanyna, mähriban halkyna bagyşlan, umumadamzat pikirleri öňe süren beýik akyldaryň mertebesi dünýä halklarynyň arasynda hem örän belentdir.
Gülälek KESÄÝEWA,
142-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
TMÝG-niň işjeň agzasy.