Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan ägirt uly işler özüniň oňyn netijesini berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: “Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym – sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr! Sporta söýgi durmuşa söýgidir!” – diýen sözlerine eýerýän bagtyýar ýaşlarymyz sagdyn durmuş ýörelgesine işjeň eýerýärler, sport-bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Sagdyn durmuş ýörelgesini durmuş kadasyna öwren ezber türgenlerimiz halkara derejeli ýaryşlarda ýaşyl Tugumyzy ýeňiş bilen belende galdyrýarlar. Türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri milli sportumyzyň ösüşli, galkynyşly menzillerini alamatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan kuwwatly sport ýurdy hökmündäki abraýyny barha pugtalandyrýar. Onuň hakykatdan-da şeýledigine eziz Diýarymyzyň 2023-2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçisi hasaplanýan sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde we häzirki döwürde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde halkara gatnaşygynyň möhüm ugry bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda sporta we olimpiýa hereketine dünýä döwletleriniň, halklarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary, birek-birege ynanyşmagy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde baha berilýär. Garaşsyz Diýarymyzyň öňe sürýän sport diplomatiýasy dünýädäki parahatçylygy we ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilýär. Şeýle hem, sport bilen meşgullanmagyň medeniýetiniň häzirki zaman jemgyýetimizdäki ornuny ýokarlandyrmak babatda ýurdumyzda düýpli maýa goýumlary goýulýar. Şonuň netijesinde, gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerindäki bedenterbiýe we sport edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýatlary pugtalandyrylyp, döwrebap sport mekdepleridir desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak we zähmet çekýän işgärleriň durmuş goraglylygyny üpjün etmek babatda hem möhüm işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlar we dünýä çempionatlary halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, jemgyýetimizde bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge itergi berýär. Ýöriteleşdirilen sport desgalarynyň ençemesini özünde jemleýän paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Garagum sährasy boýunça «Amul — Hazar» halkara awtorallisiniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2014-nji ýylda Windsörfing boýunça Dünýä Kubogynyň tapgyrynyň üstünlikli geçirilmegi Watanymyzyň abraýynyň artmagyny, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň sanynyň köpelmegini şertlendirdi.
Halkara ülňülerine laýyk gelýän stadionlar, sport toplumlary döwlet we halkara derejeli ýaryşlary guramaçylykly geçirmek üçin esasy binýat bolup hyzmat edýär. Hoşniýetli goňşuçylyk we döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda sportuň we olimpiýa hereketiniň ähmiýeti örän uludyr. Bu babatda dost-doganlyga, parahatlyga we asudalyga belent sarpa goýýan ata Watanymyz örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sportuň islendik görnüşinden halkara derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň bu ulgamda ýeten derejesine we halkara ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek babatdaky tejribesine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýär. Şol sebäpli hem, gözel Diýarymyz dünýä we sebit derejesinde ýaryşlaryň, çempionatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň “Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygar astynda geçirilmegi ata Watanymyzyň halkara gatnaşyklaryndaky ynsanperwerlik ýörelgesinden we sportuň düýp mazmunyndan gelip çykýar.
Iri halkara we sebitleýin sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek babatdaky ýurdumyzyň baý tejribesine dünýäniň sport jemgyýetçiligi, halkara sport guramalary we federasiýalary tarapyndan ýokary baha berilýär. Noýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň türkmen türgenleri üçin ajaýyp üstünlikler bilen tamamlanmagy hem ýurdumyzda ýokary derejeli sportuň we olimpiýa hereketiniň gün-günden guwandyryjy sepgitlere eýe bolýandygyndan habar berýär.
Sport janköýerlerinde we hünärmenlerinde uly gyzyklanma döreden bu çempionat ýene dünýäniň nazaryny güneşli Türkmenistanymyza tarap gönükdirdi. Aşgabat şäherinde ýokary derejede geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatyna Aziýa, Afrika, Ýewropa, Günorta we Demirgazyk Amerika yklymlarynyň ussat türgenleriniň ýüzlerçesi gatnaşdy. Kuraş boýunça ХIV dünýä çempionatynda Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan 15 türgeniň 11-siniň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy, 2-siniň bolsa ýokary okuw mekdebimiziň talyplarydygy bizi diýseň guwandyrýar.
Türkmen ýaşlarynyň ylymda, bilimde, sport ulgamynda gazanýan guwandyryjy üstünliklerine şaýat bolanyňda göwün guşuň ganatlanýar, ýurdumyzyň parlak geljeginiň aýdyňdygyna ynamyň has-da artýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaşlar syýasatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, belent maksatly başlangyçlar ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň, ýagty ertirleriniň binýadyny pugtalandyrýar.
Arkadagly Serdarymyzyň: “Sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýjüň esasy çeşmesidir” diýen ajaýyp jümlesinden ugur alnyp, institutymyzda ata Watanymyzyň sport abraýyny halkara derejesinde belende göterjek ussat türgenleri taýýarlamak işi täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak baradaky Karara gol çekmegi hem doly tassyklaýar. Munuň özi, ýurdumyzyň täze taryhy döwründe milli sportumyzy galkyndyrmak babatda amala aşyrylýan işlere täzeçe çemeleşilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmelerde döwrüň ruhuna kybapdaşlygy, ýokary depginine görä tizligi görmek bolýar. Täze eýýamyň Galkynyşy, döwrüň belent ruhy milli sportuň ösüşinde hem aýdyň duýulýar.
Maksat DÖWLETOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň mugallymy.