EWERESTDEN BELENT BEÝIKLIK

     Mekdepde geografiýa dersinden okadan Babamyrat mugallymyz bize dünýädäki iň belent dagyň Gimalaý dagydygyny, onuň iň belent nokadynyň bolsa 8848,86 metre deň bolup, Ewerest diýlip atlandyrylýandygyny öwredipdi. Diýmek, dünýäniň öňki iň beýik nokadynyň ölçegi belli eken. 2021-nji ýylda bolsa dünýäniň Ewerestden beýik nokadynyň Türkmenistanda döredilendigini belläsim gelýär. Elbetde, aňyňyzda «8848,86 metrden beýik bolýan bolsa, onuň belentlik ölçegi näçeräkkä?» diýen sowal dörändir. Hawa, ol, hakykatdanam, Ewerestden belent beýiklik. Tutuş Ýer ýüzüni söküp agtarsaň-da, onuň ýeten belentlik derejesini ölçäp biljek metrler tapylmasa gerek. Çünki onuň beýikligi hiç bir ululyk ölçeginiň çägine sygmaýar. Onuň näderejede beýikdigini aýtmaga beýik diýen sözüň özi-de ejiz ahyryn. Eger söz hakynda söz açylmaly bolsa-ha, söhbetiň başyny onsuz başlamagam mümkin däl!

 

Söz açmaly bolsa söz barasynda,

Başyn başlap bolmaz Magtymgulusyz...

Bu gün Asman bilen ýer arasynda

Meň gözlemde Ewerestden uly Siz.

 

Kaşaňlaşdy köňülleriň köşk, şähri,

Ornaplar manyly şygyrlaň pähmi.

Ertiriň, şu günüň, düýnüň däl, ähli

Döwürleň şahyry Magtymguly Siz!

 

Siz bir umman, a biz bolsa akaba,

Ol ummanyň aňyrsy ýok okana.

Waspyňyz sygmaýar şygyr, makala,

Ömürleň şahyry Magtymguly Siz!

 

Balkan, Lebap, Mary, Daşoguz, Ahaly

Synlap, düşläninde bagtyň bahary,

Geçmişden geljege bakan mahaly

Öwürlen heýkele — Magtymguly Siz!

 

     Hawa, dünýäniň öňki iň beýik nokadynyň ölçegi belli. 2021-nji ýylda Türkmenistanda döredilen, dünýäniň Ewerestden beýik nokadynyň belentliginiň näçeräkdigini bolsa takmyn edibem bolmaz. Çünki ol şygyr şalygynyň şasy — Magtymguly Pyragynyň heýkeli. Bu heýkel paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýär. Bu heýkele bir seredip görüň! Şahyr geçmişden gelip, geljegini synlap duran mahaly heýkele öwrülene meňzeýär. Ol:

Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,

Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy —

diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletini synlaýar. Seýilgähdäki ruhy atamyzyň parasatly keşbi meniň gözlerimde Ewerestiň belentliginden hem has ýokarda. Bu diňe meniň üçin däl, ähli türkmen perzentleri üçin hem şeýle bolsa gerek. Sebäbi dünýäniň ummanlaryna göz ýetiren alymam, Pyragynyň paýhas ummanyna akyl ýetirip bilmez. Çünki Pyragynyň paýhas ummany – düýpsüz umman.

     Dünýä alymlarynyň birnäçesi Magtymgulusyz edebiýaty göz öňüne hem getirip bilmeýändigini tekrarlaýar, tekrarlaram. Sebäbi ol diňe düýnüň, şu günüň ýa ertiriň däl-de, ähli döwürleriň hem ähli göwünleriň şahyry.

     Her bir sözi gyzyldan gymmatly hasap edilýän Pyragynyň eserleri bu gün her türkmen öýüniň kitap tekjesini bezeýär. Kitap tekjesindäki akyldar şahyryň kitaby her gün ele alnyp okalýan hem bolsa, onda her gün düýnküden başga täzeçe pikirleri görüp bolýar. Hut şonuň üçin türkmen maşgalasyny Pyragynyň şygyrlar diwanyndan gaýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Has takygy, halypalaryň sözi bilen aýdanymyzda: «Türkmeniň ýedi ýaşlysyndan ýetmiş ýaşlysyna çenli Magtymgulyşynas». Munuň şeýledigine geçmişimizde Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny gola salmak üçin özüniň guba düýesini beren Welmyrat aga hakynda durmuş hakykaty esasynda ýazylan hekaýany okanymyzda hem şaýat bolýarys.

     Wah, düýe näme, türkmen aga kitap üçin öz şirin janyny orta goýupdyr ahyryn. Bu barada Täçmämmet Jürdekowyň «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly eserinde şeýle gürrüň berilýär:

     «...Bütin jümle-jahana gan çaýkap, dünýäni lerzana getiren mongol basybalyjylarynyň gadymy Merwe aralaşan döwri eken. Şäheriň şan-şöhraty dag aşyp, ýedi yklyma ýaň salan baý-baý kitaphanalarynda gije-gündiz okap, özi eser döredip ýören bir goja alym kişi özüniň gymmatly eserlerini, golýazma kitaplaryny horjuna salyşdyryp, daşarda jylawyny çeýnäp, çarpaýa galyp duran ak ata ýükläpdir-de, oňa bir gamçyny çalypdyr. Dünýä baýlygyny arkasyna atan ýaňky at janawar ganat gerip asmana göterilenmiş.

     Bu ahwalaty synlap duran duşman gojanyň bogazyna ýarag diräp, ondan sorapdyr:

— Dogryňy aýt, sen ýaňky ata näme ýüklediň. Gyzylmy, kümüşmi, ýakutmy, merjenmi?..

Gojanyň göwnübir ýaly, myssa ýylgyrypdyr-da, başyny ýaýkapdyr.

     — Ýok, ol seniň ýaňky sanan zatlaryň ählisinden hem zyýat, has gymmatly. Ony hiç bir baýlyk bilen satyn alyp bolmaýar. Ol adam aňynyň önümi, biziň ilde oňa kitap diýýärler — diýip, alym duşmanyň göni görejine garapdyr.

     Ine, ýaňky goja şeýdip, duşmanyň ganly penjesinde galsa-da, öz şirin janyna haýpy gelmän, hiç bir gymmatlyga çalşylmaýan kitaby ölümden ömürlik halas edipmiş...»

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Şeýle-de 2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşi tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň eýeleýän möhüm ornunyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine aýdyň subutnamadyr.  

     Geçmişde sarpasy belentden tutulan Beýik Şahsyýetimiziň milli edebi mirasy bagtyýar Diýarymyzda täze röwüşde dünýä ýalkym çaýýar. Beýik alymlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň döredijiligini geljekki nesillere ýetirmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

 

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER