PYRAGY

Şygryýet älemi bir umman bolsa,

Sen ezber guwwasyň biri, Pyragy!

Ägirtleriň ady ebedi galsa,

Dünýä dursa, baky diri, Pyragy!

 

Başdan adalatyň ýolun saýladyň,

Muşdaklary düýpsüz dünýä aýladyň,

Ilden alyp, ýene ile paýladyň,

Zybanyňdan göwher-düri, Pyragy!

 

Şygyr düzüp, gaýym guşap biliňi,

Taryp etdiň, göz-guwanjyň iliňi,

Ykrar etdi eserleriň hilini,

Jöwher sözüň hyrydary, Pyragy!

 

Edep bilen tagzym edýäs gaşyňda,

Sarpa goýýar ýakynlaryň, daşyňda,

Nusga bolup şygryýetiň başynda,

Barýaň belent tutup, seri, Pyragy!

 

Hak sylap, açyldy türkmeniň bagty,

Gülleýär, gül açýar Watan daragty,

Baky nesip etsin şygryýet tagty,

Hasyl arzuwlaryň bary, Pyragy!

 

Döwran GULLYÝEW,

Çagyryş boýunça harby gullukçy.

Indiki makala

PYRAGY

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER