UNAŞ – ŞYPALY AŞ

      Milli tagamlarymyzyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan unaşa halkymyzda «Begleriň aşy» hem diýilýär. Mährem ene-mamalarymyzyň eli bilen kesilip taýýarlanylýan unaşyň lezzeti-de, tagamy-da üýtgeşik. Işden ýadap gelersiň ýa-da bedeniňde sähelçe nähoşlugyň alamatlaryny duýarsyň welin, daşyňda perwana bolýan enelerimiz dessine elýeterinde duran kendirige ýapyşyp: «Derrew hamyr ýuwrup, unaş kesip, içine-de burçuny, noýbasyny atyp, süzme garyp bereýin, içersiň welin derini süpürip ýetişip bilseň bolany, nähoşlugyňdan nam-nyşan galmaz, balam!» diýýändir. Unaşyň şypa berijiligi üýtgeşik. Şonuň üçin tenekar, melhem tagam bolan unaş her bir türkmen maşgalasynda eý görülýär. Häzirki wagtda howanyň sowamagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan möwsümleýin kesellerden goranmak, olaryň öňüni almak maksady bilen, lukmanlar kesel dörediji wiruslaryň zyýanly zäherleriniň bedenden çalt bölünip çykarylmagy üçin derlediji, ýokumly suwuklyklary köpräk içmegi maslahat berýärler. Olaryň hataryna narpyzly, itburunly, ary bally we limonly çaý, towuk çorbasy, sarymsak ýa-da ajy burç goşulan unaş girýär. Ajyja burç bilen sarymsak goşulan unaş dümewiň bire-bir emi hasaplanýar. Ajy burçuň we sarymsagyň düzüminde köp mukdarda mikroblary we bakteriýalary gyryjy maddalar-fitonsidler bar. Mundan başga-da sarymsagyň düzümindäki C, D, B, P witaminleri bedeniň kesele garşy durnuklylygyny güýçlendirýär, immuniteti ýokarlandyrýar.

 

Şemşat BAÝÝAÝEWA,

TMÝG-niň Ahal walaýatynyň

Tejen erap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar