ÄNEW – GADYMY MEDENIÝETIŇ OJAGY

      Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň şeýle hem, «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda ýaýlyma hödürlenýän gepleşigiň nobatdaky sanynyň ýazgysy geçirildi. Gepleşiň bu sanynda gadymy türkmen şäheri Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, Änew medeniýetiniň taryhy şeýle-de Änew şäherinde ýerleşýän Seýitjemaleddin metjidi barada giňişleýin söhbet edildi.

      TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň hünärmeni Mahym Selimowa ajaýyp zamanamyzda şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan gadymy ýadygärlikleriň umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini, şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ bilen türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini, Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu şähere özüniň baý taryhy-medeni mirasyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmegi üçin täze ugurlary açyp, şeýle-de, Türkmenistanyň ajaýyp künjeklerini Ýer ýüzünde wagyz etmäge ýardam berjekdigini uly buýsanç bilen belledi.

      Änew medeniýetiniň taryhy, ol ýerde esasy käriň ekerançylyk bolup, munuň şeýledigine däneleriň toýunda galan yzlary, şeýle hem, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan daş kätmenleriň, oraklaryň we sokularyň hem şaýatlyk edýändigi, ol ýerde ilatyň dag çeşmelerinden peýdalanyp, tapylan ak bugdaýyň däneleriniň bugdaýyň ilkinji Watanynyň Änew topragydygyna güwä geçýändigi, häzirki döwürde bu gymmatlyklaryň Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde saklanýandygy dogrusynda bolsa Döwlet muzeýiniň hünärmeni Bossan Ataýewa taryhy maglumatlara esaslanyp gyzykly gürrüň berdi.

      Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Ogulabat Kakalyýewa bolsa, Änewiň gadymy Seýitjemaleddin metjidiniň taryhy, onuň binagärçilik aýratynlyklary, metjit bilen bagly rowaýatlary şeýle-de, häzirki günde bu metjide degişli bolan tapyndylaryň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde goralyp saklanyp, syýahatçylary haýrana goýýandygy barada täsirli beýan etdi.

      Çykyşlaryň her birinde milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda, öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

 

Jemal SAPAROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar»

elektron žurnalynyň bölüm redaktory.

Meňzeş habarlar