ÝAŞ NESLIŇ ALADASY – BAGTYÝAR GELJEGIŇ BINÝADY

      Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar geljegini ýaş nesiller bilen baglanyşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň gerekli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda «Kämil bilim we ýaşlar» atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Has takygy, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň “Bilim nokady” okuw merkezinde, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Kaka, Sarahs, Babadaýhan, etraplarynda, Mary welaýatynyň Mary şäherinde we Murgap, Tagtabazar etraplarynda, Balkan welaýatynyň Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde we Gyzylarbat etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde hem-de Boldumsaz, Akdepe, Köneürgenç, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda wagyz-nesihat çärelerine, maslahat duşuşyklaryna giň gerim berildi. Maslahat duşuşyklaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň zähmetsöýer işgärleri we işjeň agzalary, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen çäreler diýseň täsirli boldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrapdyr şäherlerinde hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher we etrap Geňeşleriniň işgärleri çykyş etdiler.

      Maslahat duşuşyklarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň gazanan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini, Ýaşlar Guramasynyň ýaşlaryň arasynda alyp barýan işlerini beýan edýän wideoşekilli gysga film görkezildi, şeýle-de “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berildi.

      Mundan başga-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň işjeň talyp ýaşlary “Kibermedeniýet we sanly tehnologiýa”, “Dil guralmy ýa-da hünärmi?”, “Ussatlyk üçin 10000 sagat”, “Baýlyga ýetmek”, “Üç görnüş ene-ata”, “Hünär meýilnamasy we karýerany meýilleşdirmek”, “Maglumat beriş bölümi, “Juwan” merkezi” mowzuklary boýunça görkezilişli çykyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de, maslahat duşuşyklaryny gurnaýjylar bilen okuwçylaryň arasynda özara sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny eşretli, parahat durmuşda ýaşadýan, ýaşlar üçin  giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Maglumat

beriş bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar