AÝDYM-SAZLY MASLAHAT GEÇIRILDI

        Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy tutuş adamzada söz mülküni – bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – giden bir umman. Düýn şular dogrusynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde gurnamagynda «Dünýä dolýar Pyragynyň paýhasy – Arkadag Serdarly döwrüň sarpasy» atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi.

        Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň adynyň dünýä dolýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran şahsyýetdir.

        Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy çykyşlarda aýratyn bellenildi.

        Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar geçmişi sarpalap, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini we häzirki buýsançly gününi giňden dabaralandyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

 

Aýnabat ATAÝEWA,

TMÝG-niň Medeniýet we köpçülikleýin habar

beriş bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar