Otag güllerini saklamak amatly gurşawy döredip, howanyň çyglygyny artdyrýar we ony arassalaýar. Daşyndan göräýmäge güllere ideg etmek aňsat iş ýaly, emma ol ýokary derejede üns-aladany talap edýär. Eger-de öýüňizde ideg edýän gülleriňiz uzak ýaşaman solýan bolsa, bu usullary ulanyp, olaryň ömrüni uzaldyp bilersiňiz.
Çyglyk.Ilkinji nobatda, otag gülleri üçin daşky gurşawyň çyglylyk derejedi örän möhümdir. Şonuň üçin möwsümleýin howanyň üýtgemegini ünsden düşürmäň! Gülleri aşa ýa-da pes çyglylykdan daşda saklaň. Çyglylygy kadaly saklamak üçin gülüň ýapraklaryny suw pürküji enjamlaryň kömegi bilen az-azdan nemlendirip bolar.
Ähli zadyň artykmajynyň zyýanly bolşy ýaly, gülleri artykmaç suw bermekden saklanyň. Eger-de olaryň düýbi guradylman, suwy ençeme wagtlap dursa, ösümlikleriň kökleri çüýräp başlaýar.Şonuň üçin gülleriň topragy gurap başlanyndan soň suw bermegiňizi maslahat berýäris. Bu olaryň has ýaşamagyna kömek eder.
Gün şöhlesi. Gülleriň uzak ýaşamagy üçin, edil suwuň möhüm orna eýe bolşy ýaly, Gün şöhlesiniň hem uly ähmiýeti bar. Gülleri gün şöhlesiniň düşýän ýerinde goýmalydygy barada kän eşiden bolmagyňyz mümkin, emma unutmaň, otag gülleri görnüşleri boýunça toparlara bölünýär. Olaryň käbiri Gün şöhlesini däl-de, kölegeli ýerleri halaýar. Saýaly ýerleri halaýan güller gün şöhlesiniň göni düşýän ýerinde goýlanda, onuň ýapraklary tiz garalyp, guramaga başlaýar. Ýaprakly otag güllerini Gün şöhlesiniň köp düşýän ýerinden çetleşdirmek, çyglylygy we ýylylygy aram derejede saklamak maslahat berilýär.
Iýmitlendiriji dökünler.Gülleriň kökini iýmitlendirmäge niýetlenen ýörite dökünler olaryň tiz boý almagyna täsirini ýetirse-de, olary yzygiderli ulanmakdan saklanyň. Esasanam tomusda, çünki olar yssy günleri berilse, güller zyýanly mör-möjekleri özüne çekip başlaýar. Şonuň üçin güllere dökün berjek bolsaňyz, ýaz paslynyň başy has amatlydyr.
Aýgül GARAJAÝEWA
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.