Türkmenistan kosmos giňişliginde özüniň mynasyp ornuna eýe bolmak bilen, öz ornuny berkidip, täze taryhy eýýamda ajaýyp üstünliklere we ählumumy ösüşe gadam goýýar. Bu bolsa, dünýäniň maglumat giňişliginde ýurdumyzyň ornunyň iňňän ýokary derejä göterilendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.
XX asyryň ikinji ýarymynda dörän kosmos hukugy düşünjesi kosmos giňişliginde barlag geçirmek we ony ulanmak boýunça işiň aýratynlygyny görkezmekde ulanylypdyr. Maglumatlara salgylansak, ýerüsti giňişlik howa we kosmos giňişligine bölünýär. Şeýle bölünişik uçujy enjamlaryň hereketiniň tehniki ýörelgeleriniň tapawudy bilen öňünden kesgitlenýär. Iş ýüzünde kosmos giňişliginiň islendik görnüşi tutuş adamzadyň bähbitlerine täsir edýär. Bu bolsa, kosmos giňişliginiň aýratyn hukuk tertibiniň emele gelmegini şertlendirýär. Şeýle kadalar halkara şertnamalarynda beýan edilýär. Şeýle şertnamalaryň hatarynda 1967-nji ýylda gol çekilen dünýä belli bolan kosmos giňişliginde, şol sanda aýda we beýleki asman jisimlerinde barlag geçirmek we ulanmak boýunça döwletleriň işleriniň ýörelgeleri hakynda Şertnama, 1968-nji ýylda gol çekilen Kosmonawtlaryň halas bolmagy, kosmonawtlaryň gaýdyp gelmegi we kosmos giňişligine goýberilen obýektleriň gaýdyp gelmegi hakyndaky Ylalaşyk, 1974-nji ýylyň Kosmos giňişligine goýberilýän obýektleriň hasaba alnyşy baradaky Konwensiýa, 1979-njy ýylda gol çekilen Aý barada Ylalaşyk, ýagny Döwletleriň Aýdaky we beýleki asman jisimlerindäki işleri baradaky Ylalaşygy görkezmek bolar.
1967-nji ýyldaky gol çekilen Şertnama ünsüňizi çekmek isleýäris. Bu Şertnamada Kosmos giňişligini, şol sanda Aýy we beýleki asman jisimlerini öwrenmek we ulanmak boýunça döwletleriň işleriniň ýörelgeleri beýan edilýär. Şertnama ykrar edilen ýörelgelere laýyklykda, kosmosy ähli adamzadyň bähbidine öwrenmek we ulanmak, kosmosy öwrenmekde we ulanmakda ähli döwletleriň deňhukuklylygy, kosmosyň milli taýdan özleşdirilmeginiň gadagan edilmegi, kosmos işini halkara hukugyna laýyk alyp barmagy, Aýy we beýleki asman jisimlerini gutarnykly parahatçylyk maksatlary üçin ulanmagy öňe sürýär.
Ýurdumyz dünýäniň maglumatlar giňişliginde öz ornuny berkidip, emeli hemrasyny uçurdy. Bu hemra ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde, şonuň ýaly-da, dünýäniň teleradioýaýlymlar we internet ulgamlaryna amatly, elýeterli goşulmagynda giň mümkinçiliklere ýol açýar.
Gurbanmyrat GURBANOW,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
Azatlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaş alym,
TMÝG-niň işjeň agzasy.