ÝAŞLYGYŇ ÝATDAN ÇYKMAJAK SERPAÝY

      Türkmen halky söze, edebiýata, kitaba aýratyn hormat goýýan halkdyr. Hut şonuň üçin hem halkymyzda has irki döwürlerden bäri söz ussatlarynyň, halk döredijiliginiň dürdäne eserleri adamzat jemgyýetiniň iň naýbaşy gymmatlyklary hökmünde arzylanylýar. Bilşimiz ýaly Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyz öz ýiti zehininden syzylyp çykan kitaplaryň ençemesini bize peşgeş berdi. Halkymyzyň döreýiş taryhyndan, milli medeniýetimizden we sungatymyzdan, durmuşyň dürli pursatlaryndan söz açýan ol ajaýyp kitaplar okuwda, işde, her bir pursatda biziň durmuş gollanmamyz bolup hyzmat edýär. Ynha, gymmatyny ýitirmeýän, dürdäne pikirlerden doly şol kitaplaryň üstüni hormatly Prezidentimiz öz ýiti zehininden syzlyp çykan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri bilen ýetirdi.

      Kitabyň sahypalary bilen tanşanyňda döwletimiz tarapyndan ýaş nesil hakyndaky aladanyň birjik-de gowşamaýandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Kitapda 2023-nji ýylda ylymda, döredijilikde, zähmetde hem-de sportda aýratyn tapawutlanyp, döwlet we halkara derejedäki ýaryşlarda ýeňiji bolan ýaşlarymyzyň aýratyn orun berilmegi hem ýaşlar üçin diýseň buýsandyryjydyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň her bir ýaş türkmenistanlynyň üstünligini ünsden düşürmeýändiginiň güwäsi hökmünde ýaşlary täze sepgitlere, ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrjak gözleglere atarýar. Bir söz bilen aýdanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaşlar, şonuň bilen birlikde hemmeler üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat boldy. Täze kitapda ýaş nesilleriň wekilleriniň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asylly gylyk-häsiýetler dogrysynda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlara durmuşda öz ýollaryny tapmakda aýratyn mana eýedir.

      Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir» diýip belleýşi ýaly, ylymly-bilimli, zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşýandygy kitapda giňişleýin beýan edilýär. Täze kitabyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek, tanyşdyrmak maksady bilen şu günler welaýatymyzyň ähli ýerinde dürli mazmunly çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegine giň ähmiýet berilýär. Olarda çykyş edýän bagtyýar ýaşlarymyz özleri üçin şeýle dürdäne eserleri peşgeş berýän, türkmen ýaşlaryny geljekde-de uly üstünliklere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarlar. Bagtyýar watandaşlarymyzyň nygtaýyşlary ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini okap, halkymyzyň geçmişiniň beýikdigini, milli ýol-ýörelgelerimiziň gymmatyna, Watanymyzyň ösüş ýolundaky üstünliklerine göz ýetirmek mümkin bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda döwletimiziň şu günki şöhratynda bagtyýar türkmen  ýaşlarynyň orny öz beýanyny tapýar. Biz — hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň, halkymyzyň uly ynam bildiren nesilleridiris. Bagtyýar ýaşlara diňe ýurdumyzda özümiz hakyndaky edilýän aladalary duýup, olara mynasyp jogap edip, okamak, zähmet çekmek, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak galýar. Beýik maksatlara ýetmekde bolsa bize Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň kitaplary ýol görkeziji gollanmadyr.

 

Baýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat

etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar