ILKINJI TELEFON BELGI

-        Dünýäde ilkinji telefon söhbetdeşligi 1876-njy ýylyň 10-njy martynda oýlap tapyjy Aleksandr Belliň goňşy otagdaky kömekçisine jaň edip, içeri girmegini haýyş eden wagtynda bolup geçdi. Enjamlar göni birikdirilipdi, şonuň üçin Bell belgini aýlamaly däldi.

-        Tizarada ABŞ-da telefon ulgamynyň müşderileri üçin şahsy belgiler peýda bolup başlady. Ilki bilen, dört sanly belgi peýda boldy. Az adam telefon alyp bilýärdi, şonuň üçin bir şäher üçin 9999 sany belgi ýeterlikdi. Müşderileriň sanynyň köpelmegi bilen, belgilere san goşulmalydy. ABŞ-da ilkinji ýedi sanly belgi peýda boldy.

-        Ýeri gelende aýtsak, bir adam birnäçe telefon belgisini ýatda saklap biler. Beýniniň mümkinçilikleri, elbetde, hemmeler üçin tapawutly, ýöne alymlar 237-den köp bolmaly däldigini öňe sürýärler.

-        Dünýädäki iň gymmat telefon belgisi bolsa, 666-66-66. Ol Kataryň paýtagty Doha şäherindäki haýyr-sahawat auksionynda satyldy. Bu san «Katartelekom» tarapyndan auksiona çykaryldy we 2 million 750 müň dollara satyldy. Maliýe serişdeleri bolsa, ýurduň lukmançylygyny ösdürmäge gönükdirildi.

 

Taýýarlan: Gülruh ATABAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar