Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni göterýär, ýüregini giňeldýär, haýyrly işlere bolan höwesini artdyrýar, durmuşda ýüze çykýan kynçylyklaryň sazlaşykly çözgüdini we çykalgasyny salgy berýär. Çuň mazmunly eserler ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ynsan ruhuny gandyrmakda kitap akyl hazynasy, söz mülküniň genji, ygtybarly taryhy maglumatlaryň çeşmesidir.
Ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi türkmen ýaşlary üçin ajaýyp sowgat boldy. Kitapda ýaşlar hakynda buýsandyryjy sözleriň, ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň şeýle hem, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň giňişleýin beýan edilmegi biz ýaşlary täze zähmet üstünliklerine, belent maksatlara ruhlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, Bu günki gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilik hyjuwynyň esasy binýady hökmünde garalýar. Kitabyň «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy» atly bölüminiň Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanmagy bizi diýseň buýsandyrdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda alyp barýan işleri, ýylyň ýylyna geçirýän bäsleşikleri bu kitapda öz beýanyny tapýar. Kitapda getirilýän öwüt-ündewler guramamyzyň alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirmekde gymmatly gollanmadyr.
Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp kitabynda ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy, türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen işleriň uly ähmiýete eýe bolandygy barada aýratyn belleýär.
Ady agzalan Strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, daşary döwletleriň ýaşlar bilen bagly edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge, tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Kitapda şular dogrusynda, şeýle hem, 2023-nji ýylyň 16-18-nji noýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň halkara forumynyň geçirilmeginiň türkmen ýaşlarynyň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmakdaky möhüm waka eýe bolandygy barada aýratyn bellenilip geçilýär.
Umuman, bu kitap biz − ýaşlar üçin möhüm gollanmadyr. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýşi ýaly, kämil aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesliň terbiýelenmeginde, täze açyşlary bilen Watanymyzyň barha güllemegine saldamly goşandyny goşjak ýaş alymlaryň kemala gelmeginde kitabyň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi, adamlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, kitaba, ylma bolan söýgüsini artdyrmaga hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Halkyň hazynasyna öwrülen beýleki däp-dessurlarymyz bilen bir hatarda, kitaby söýmek, ylym-bilime sarpa goýmak ýörelgesi döwlet Baştutanymyzyň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen barha dabaralanýar.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.