OŇYN PIKIRLENME: TÄZEÇE GARAÝYŞ WE ÜSTÜNLIK

     Köp adam bolup geçen haýsydyr bir wakany eşidende ýa-da başyna bir iş düşende ony ýagşa ýorýar, käbir adam bolsa, sähelçe zady göwnüne getirip gynanýar. Oňyn pikirlenme dogabitdi ukyp däl. Adamda oňyn pikirlenme haýsydyr bir zadyň täsiri esasynda döreýär. Adam alan terbiýesi, okan kitaplaryndan çykaran netijesi, şeýle hem daş-töweregiň gowy täsiri netijesinde oňyn pikirlenip biler. Fizikanyň kanunyna görä maddanyň atom bölegi daş-töwereginde birnäçe elektronlary jemleýär. Elektron bölejikler yrgyldy ýygylygy esasynda atomyň daşynda hereket edýärler. Şeýle hem şol bir ýygylykdaky atomlar biri-birlerini özüne çekýärler. Fizikanyň bu kanunyndan çen tutsak, adam beýnisi hem atom bölegi ýaly daş-töwerekdäki gowy pikirleri özüne çekýär. Şol sebäpli oňyn pikirlenýän adamlar bize has ýakyn duýulýar.

     Beýnide oňyn pikirlenmäni ýola goýmak üçin dem alyş usullaryna, amaly maşklara we tebigy bejergilere üns bermeli. «Her gezek gowy bir zat hakynda pikirlenmäge synanyşanymda bir zat meni bökdeýär» diýýän bolsaňyz, päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin tejribe toplamaly. Munuň üçin ilki bilen özüňi köşeşdirmeli. Uludan dem almak hem-de gözüňi ýummak bilen aňyňy durlamaly. Bu ýagdaý oňyn pikirlenmegiň iň amatly usulydyr. Maşk etmek, sport bilen meşgullanmak hem bagt gormonyny ýokarlandyryp, adamyň rahatlanmagyna we oňyn pikirleriň döremegine kömek edýär. Käte ähli zady ýagşylyga ýorýan şadyýan adamlar hem otrisatel duýgulara duçar bolýarlar. Bu ýagdaý aladanyň, gynanmagyň, gaharyň we ýadawlygyň netijesinde ýüze çykýar. Munuň öňüni almak üçin gün tertibini talabalaýyk ýöretmeli, şeýle hem jemgyýetçilik arabaglanyşygyny berkitmeli. Ýagny wagtly-wagtynda iýip-içip, dynç alyp, dost-ýarlaryň, maşgala agzalaryň bilen gürrüňleşmäge wagt aýyrmaly.

     Oňyn pikirlenmek üçin teklipler

     Oňlanylmaýan pikirleri kelläňizden aýryň! Psihologlar päsgelçilik berýän oňlanylmaýan pikirleri kellämizde jemläp, ak kagyza ýazmagy hem-de haty ýakmagy ýa-da gömmegi maslahat berýärler. Halamaýan zatlaryňy kagyza ýazmagyň adama psihologik täsiri bolup, erbet pikirlerden saplanmaga ýardam edýär.

     Ylhamy özüňiz gazanyň! Käbir adam bir ýerlerden ylham berýän energiýanyň gelmegine garaşýar. Aslynda bu ýagdaýy psihologlar tassyklamaýarlar. Ylhama garaşmak adamy ýalta edýär. Maksatlara tarap ädim ätmegi dowam etmeli. Esasy zat yzygiderli hereket hem-de özüňe bolan ynam.

     Ýagşylyk etmegi dowam ediň!

     Başgalara ýagşylyk etmek özüňe kömek etmekdir. Adamlary mümkin boldugyça goldamaga synanyşyň, esasan hem, otrisatel pikirleri başdan geçirýänlere, gowy sözler bilen goldaw bermek adamy üstünliklere tarap ruhlandyryp, täzeçe pikirleriň döremegine getirýär.

     Daş-töwerekden lezzet alyň!

     Durmuşda ýüze çykýan käbir kynçylyklara garamazdan, daş-töwerege has ünsli çemeleşiň! Göwnüňize ýaraýan zatlara, halaýan güýmenjäňize has köp wagt aýryň! Çagalar bilen wagt geçirmek, otag güllerine ideg etmek, tagamlary taýýarlamak, kitap okamak, küşt oýnamak muňa mysal bolup biler. Bilermenler ýakynlaryňa guwanyp ýaşamagyň adamy has bagtly edip, oňyn pikirleriň çeşmesine öwrülýändigini belleýärler.

     Täze zatlary öwreniň ýa-da oýlap tapyň!

     Adamyň iň güýçli bölegi beýnisi bolup, tutuş bedeni dolandyrmaga täsir edýär. Geçmişde bolup geçen wakalar we kynçylyklar barada köp pikir edip, geljege tarap ädim ätmegi ýatdan çykarmaň! Täze gurşaw, güýmenjeler, wakalar… Bolmajak pikirleri ýadyňyzdan çykaryp, pikirleriňizi täze ugurlara tarap gönükdiriň! Mysal üçin, dil öwrenmek arkaly täze bir dünýä aralaşyp bilersiňiz. Wideo sahypalaryndan ýa-da bir hünärmenden senetçilik bilen bagly öwrediji sapaklara tomaşa edip, täze zatlary hem ýasamagy öwrenip bilersiňiz. Adam täzeçillige tarap ädim ädende özünden göwnühoş bolýar.

zamanturkmenistan.com.tm

Meňzeş habarlar