DÜNÝÄDE YKRAR EDILEN TÜRKMEN TAGLYMATY

     Bitaraplyk – bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Munuň özi, halklaryň arasynda bolsa, parahatçylygyň, özara düşünişmegiň hem ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär. Bu taglymat mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär. Her bir döwletiň, her bir halkyň ösüşine, onuň dünýäde giňden ykrar edilmegine täsir edýän möhüm ähmiýetli taryhy wakalar bolýar. Erkin we azat durmuşda ýaşamagyň tarapdary bolan halkymyz üçin şeýle taryhy seneleriň biri türkmen döwletiniň daşary syýasatyndaky bitaraplyk ýörelgesiniň kanunlaşdyrylan – dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň jar edilen günüdir.

     Ýurdumyz sebitde jedelli meseleleri parahatçylyk ýoly arkaly çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistan parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy bolup, ak mermere beslenen paýtagtymyz bütin adamzadyň parahat we howpsuz durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilen asylly işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan şäher hökmünde sebitde we dünýäde ählumumy oňyn maksatlara ýetmegiň we ony üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda parahatçylyk merkezine öwrüldi.

     Ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegi ugrunda tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary, döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

 

Meýlis AŞYROW,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň pensiýa gaznasy

bölüminiň pensiýa gatançlary bölümçesiniň esasy hünärmeni,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar