SPORT: ADAM WE TEBIGATYŇ SAZLAŞYGY

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda guwandyryjy üstünlikleri gazanyp, durnukly ösýän ýurtlaryň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Häzirki zaman şertlerini we Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşiniň geljegini nazara almak bilen beýleki ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça maksatnamalardyr toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň sport ulgamyny ösen häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri we tälimçileri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutýan esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

     Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sportunyň ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegi, ilatymyzyň welosiped sporty bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasynyň ýokarlanmagy, ilatyň saglygyny goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasaty bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde dürli ýaşdaky raýatlary birleşdirýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi hem muňa aýdyň mysal bolup durýar.

     Häzirki wagtda welosipedli ýörişleriň ýurdumyzda jemgyýetçilik üçin örän ähmiýetli çäreleriň birine öwrülendigini ynamly aýtmak bolar. Welosiped sporty adamyň saglygyna oňyn täsir edýän sportuň tebigat bilen sazlaşýan görnüşi bolmak bilen, ol bedeni kämilleşdirmäge, dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi bilen Diýarymyzda ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýan welosipedden ulag hökmünde giňden peýdalanmak, welosiped sportuny ösdürmek babatda baý tejribe toplanyldy. Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän üsti ýapyk welotrekde welosport boýunça milli we dünýä derejesindäki iri ýaryşlar geçirilýär. Bu häzirki zaman sport toplumynyň welosiped ýollary ähli ölçegler boýunça degişli halkara talaplaryna doly laýyk gelýär.

     Ýurdumyz iri halkara guramalary bilen parahatçylygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň hatyrasyna köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň döwletimiziň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmegi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwänamasy bolup durýar. Kararnamada 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatdaky gün tertibini amala aşyrmakda sportuň eýeleýän ähmiýetli orny beýan edilýär.

     Umuman, sportuň ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosport jemgyýetimizde barha uly gyzyklanma eýe bolýar. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga isleg bildirýänleriň sany günsaýyn artýar. Munuň özi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmaga, halk köpçüliginiň, esasanam, ýaşlaryň sportuň bu görnüşine işjeň çekilmegine itergi berýär.

 

Welimyrat ÖWEZOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar