Kitap – paýhas çeşmesi. Merdana ata-babalarymyzdan bize miras galdyran parasatly pikirlerden, kitap baradaky nakyllardan, dana pähimlerden görnüşi ýaly, kitap bu geçeni, geljegi öwredýän danadyr, seniň terbiýeçiňdir. Orta asyrlaryň meşhur şahyry Reýhan Horezminiň «Mertebeler we kemlikler» atly eserinde «Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok» diýip ýazan sözlerinden hem belli bolşy ýaly, kitap ynsanyň aklyny goýaldyjy dosty, mugallymy, ýolbeledi, onuň baky hemrasydyr. Kitaby özüne dost edinen adamyň ruhy hiç wagt garyp bolmaz. Kitaby söýmek, oňa sarpa goýmak biziň milli ýörelgämizdir. Geçmişden mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde biziň ruhy-medeni gymmatlarymyza, paýhas hazynamyz bolan kitaplarymyza uly hormat goýupdyrlar. Guba düýesini bir kitaba çalşan ata-babalarymyzyň bolandygy, olaryň kitaba bolan söýgüsiniň beýikdigini subut edýär. Gündogaryň görnükli şahyry Abdyrahman Jamy:
Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,
Oňarsaň bolgun sen onuň gümrasy,
Kitap dostdur, asla gama batyrmaz,
Aklyňy goýaldar pikirleň şasy —
diýen bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyzda: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen setirler bar. Elbetde, kitaby köp okan arassa pikirli, sowatly, bilimli, ruhubelent, kämil terbiýeli bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ýaşlarymyza döwrebap kitaphanalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ylmyň, bilimiň, tehnologiýanyň ösýän, kitaplaryň ähmiýetiniň hasda artýan döwründe birnäçe dünýä derejesindäki döwrebap kitaphanalar gurlup, ulanylmaga berildi, milli edebiýatymyzyň nusgalary gaýtadan neşir edildi, şeýle hem, dünýä edebiýatynyň meşhur eserleri terjime edilip halk köpçüligine ýetirilýär. Neşir edilýän kitaplaryň hatarynda, sanly tehnologiýalaryň miweleriniň biri bolan elektron kitaplar hem ýaşlar üçin elýeterli bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz kitaphanalaryň döwrebap işlemegi, ýaş okyjylar köpçüligini hasda özüne çekmegi üçin uly aladalary edýär. Çünki, ylymly-bilimli, sagdyn pikirli, köňli ynsanperwer ýaşlar biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljegidir.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.