PYRAGYNYŇ ÝEDINJI ARKASY

      Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň mirasyny öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda ylmy agtaryşlary alyp barmak, dana akyldaryň durmuşy bilen baglanyşykly täze maglumatlary okyjylara ýetirmek ylmyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu jähetden ugur alyp, bizem Eýran Yslam Respublikasynyň
«Er-Salah» ylmy-dini medresesiniň müdiri, Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy Aba işan Muhammedi bilen beýik akyldaryň durmuşy hakynda eden söhbedimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik.

      — Aba aga, siziň kakaňyz Ata işan, agaňyz Gara işan bilen geçen
ata-babalaryňyz hakynda söhbet edip ýörenimize, indi otuz ýyldan gowrak wagt geçipdir. Şol ýyllaryň dowamynda teleýaýlymda, metbugatda Magtymguly Pyragynyň, Döwletmämmet Azadynyň durmuşyna degişli hem köp gürrüňler edildi. Ýöne, muňa garamazdan, ata-babalaryňyzyň döredijiligi, durmuşy bilen baglanyşykly okyjylary gyzyklandyrýan sowallar heniz kän. Şonuň üçin bu gezek siziň ata-babalaryňyz — arkalaryňyz hakyndaky gürrüňden başlaýsak?!

      — Elbetde. Ata-babalarymyz barada ata mekanymyzda giň söhbetlere orun berilýändigi bizi diýseň begendirýär. Öňi bilen bu işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Indi ata-babalarymyz hakynda söhbet etsek, biz Magtymguly Pyragynyň altynjy neziresi — gardaşlarynyň biri Gaýyrgulynyň neslinden gaýdýarys. Gaýyrguly Döwletmämmet Azadynyň dördünji ogly, Gaýyrgulynyň ogly Garaja molla, onuň ogly Bürre molla, onuň ogly Annagurban ahun, onuň ogly Nazarmämmet işan, onuň ogly kakam Ata işan. Bizem alty sany erkek dogan. Men atalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, dini medresämizde talyplara sapak berýärin.

      — Döwletmämmet Azadynyň kakasy barada nämeler aýdyp bilersiňiz?

      — Hawa, biziň garry atamyzyň ismi hem Magtymguly bolupdyr. Oňa dädesinden ýonahana miras galyp, bu işi ýöredensoň, oňa «ýonaçy» lakamy berlipdir. Ol ýomut-gökleňi baglan belli eýer ussasy eken. Barjamly adamlar, han-begler üçin kümüşdir zer-zerbap çaýylan eýer ýasar eken. Onuň ussahanasyna at aýagynyň düşmeýän wagty az bolupdyr. Onsoň ol adamlaryň rahatlygyny bozmaýyn diýip pikir edendir-dä, ýonahanasyny obanyň ýokary başyna — bäş-alty ýüz ädim ýokary tarapa geçiripdir.

      Garry atamyzyň kyrk ýaşdan geçensoň, perzende ýüzi düşüpdir. Allatagalanyň bu beren bagtyna guwanjynyň çägi bolman, ol: «Taňry maňa ogul döwletini berdi» diýip, onuň adyna Döwletmämmet goýupdyr.

      — Döwletmämmet Azady nirede bilim alypdyr?

      — Agam Gara işanyň kowumdaşlarymyzdan toplan maglumatlaryna görä, atamyz Ýonaçy ogly Döwletmämmedi ilki obada Alym molla diýen ylymly-sowatly birinde okadypdyr. Soňra oglunyň çagalykdan ylma-bilime höwesekdigine doly göz ýetirip, hany-manyny gaýgyrmandyr. Şeýdip soňra Döwletmämmet Hywada okapdyr. Bilimli-sowatly bolup gelensoň, obada oglan okatmak bilen meşgullanypdyr. Makul ýaşa ýetende, öz kowmumyzdan Arazgül atly gyza öýlenipdir.

      — Döwletmämmet Azady halkyna «Wagzy-Azat», «Behiştnama», «Bäş namaz», «Jabyr Ensar» eserlerini, dürli mazmunly hekaýatlary, murapbaglary, gazallary, rubagylary miras goýupdyr. Bu eserler häzirki döwürde umumadamzat gymmatlygy hasap edilýär. Şeýle-de onuň kümüş ussaçylygydyr ekerançylyk bilen meşgul bolandygy mälim. Ol bu işler bilen bir hatarda, tebipçilik işi bilen-de gyzyklanypdyr diýlen maglumat bar. Bu hakda nämeleri aýdyp bilersiňiz?

      — Hawa, atamyz Azadynyň tebipçilik işi bilen meşgul bolandygy hakynda agam Gara işan öz kowumdaşymyz Daňatar işandan birnäçe gürrüňleri ýazyp alypdyr. Daňatar işanam ol gürrüňleri kowumdaşymyz Täjin garrydan, Nury aga Atamolla oglundan, Baba Nejebalydan eşidipdir.

      Atamyz dermanlyk otlardan melhem ýasamak bilen yzygiderli meşgullanyp, aýry-aýry ösümlikleriň hem-de miweli baglaryň ýapragyndan, dänesinden, kökünden, gülünden, miwesinden peýdalanyp boljakdygyna göz ýetiripdir. Adamlar onuň kellagyry, gury agyry, göz agyry, gulak agyry, diş agyry, ýürek agyry, sarygetirme, dem gysma, aşgazan, öýken çişme we başga-da ençeme keselleri bejermek üçin berýän degerli maslahatlaryndan ugur alyp, dermanlyk melhemlerinden peýdalanypdyrlar.

      Geçen asyryň 60-njy ýyllarydy. Bir gün öýümize bir hatly bukja geldi. Onuň içinde bir gazetem bardy. Rus elipbiýinde bolansoň, biz hatam, gazetem okap bilmedik. Ahyry Kümmet şäherinden sowatly birini tapyp okatdyk. Ol hat bize ata Watanymyz Türkmenistandan Ruhy Alyýew atly alym kişiden gelen ekeni. Ol hatynda Döwletmämmet Azadynyň melhemlik otlar bilen baglanyşykly ençeme işleri alyp barandygyny, bu ugurda onuň ýörite «Şahsy depderçe» ady bilen golýazma eseriniň bolandygyny ýazyp, hatynyň gapdaly bilen bu hakda «Türkmenistan» gazetinde çap bolan makalasyny ýollapdyr. Gazet 1960-njy ýylyň 28-nji fewralynda çap edilipdir.

      Alym makalasynda atamyzyň «Şahsy depderçesinde»: «Üsgülewükliler sarymsagy, gara üzümiň dänesini we garaburçy mäjum edip, ýatar wagty içse, şypa tapar», «Bil agyrylylar hyýar tohumyny gawunyň paçagy bilen ýenjip, biline ýapsa, peýdalydyr», «Çakyzalylar gyzyl sogany ýenjip başyna çalsa, agyrysy köşeşer», «Gulagy agyrylylar balygyň ýagyny damdyrsalar, şypa taparlar», «Sarygetirmä uçranlar möjegiň ýüregini bişirip iýseler, keseli ýeňil geçer», «Iýmitden ýa-da suwuklykdan zäherlenenlere sygryň ýüregini mesge ýagynda eredip içmeklik peýdalydyr» diýip ýazandygy hakynda söhbet açypdyr. Makalasynyň ahyrynda: «Akyldaryň biziň döwrümize çenli saklanyp galan ruhy mirasynda onuň dermanlyk melhemleriniň ýasalyş usullarynyň 40-dan gowragyna duşmak bolýar» diýip ýazypdyr.

      Agam Gara işan 1992-nji ýylda Türkmenistana gelende, atamyzyň «Şahsy depderçesi» bilen gyzyklanypdyr. Oňa ol işiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynyň 546 «E» bukjasynda saklanýandygyny habar beripdirler. Soň agam bize ol işiň atamyzyň öz eli bilen ýazylan iş däl-de, bir hatdat tarapyndan göçürilen nusgadygyny gürrüň berdi. Emma onuň asyl nusgasy heniz tapylanok.

      — Aba aga, kakaňyz Ata işan pahyr agaňyz Gara işan bilen 1991-nji ýylda Türkmenistana gelip, şol döwürler teleýaýlymda taýýarlanýan «Ýedigen» gepleşigimizde çykyş edende, Magtymgulynyň Aktokaýdaky aramgähiniň başynda üç bent goşgynyň ýazylandygy hakynda gürrüň açypdylar. Bu mesele okyjylary, ylaýta-da, ýaşlary gyzyklandyrar diýip pikir edýäris. Sebäbi şol döwrüň çagalary bu günki gün Azadynyň, Magtymgulynyň mirasy bilen çuňňur gyzyklanýan ýaş nesiller.

      — Hawa, bu teklibi orta atan öz kowmumyzdan Daňatar işan bolupdy. Kakam bu mesele barada Kümmetde ýaşan magtymgulyşynas Myratdurdy Gaza bilen geňeş etdi. Myratdurdy aga bu işi goldady, makul bilse, ony özüniň amal etjekdigini aýtdy. Soňam bir gün ýörite öýümize geldi. Şonda Daňatar işan dagy üýşüp, Magtymguly atamyzyň aramgähiniň gapdalyna ýazylmaly üç bent goşgyny saýlap-seçipdirler. Şeýdip Myratdurdy aga ýaşyl öwsüp duran mermeriň ýüzüne köne türkmen elipbiýinde Magtymguly atamyzyň üç bent goşgusyny oýup, haşamlap ýazdyryp, taýýar etdi. Bu ýazgy Magtymgulynyň 250 ýyllyk
toýunda —
1974-nji ýylda aramgähiň başynda goýuldy. Magtymguly atamyzyň mirasyndan alnan şu üç bent goşgy hemmämizi hoşwagt eýledi:

      Ýaz geler, wagt-da gider, gaflata batmyş gözlerim. Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr. Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.

      Magtymguly, sözle herne bileniň, Özüňe kemlik bil aýtman öleniň, Taraşlap şaglatgyl köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar.

      Bu dünýe malyndan kim aldy bir zat, Owwaly gam-gaýgy, ahyry berbat, Bolajagyň budur seniň adamzat, Ýok bolar sen toprak bile, toz bile.

      — Aba aga, söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň! Geljekde ýene-de söhbedimizi dowam etdirmek, ýagşy günlerde didarlaşyp durmak miýesser etsin!

      — Sag boluň!

 

Söhbetdeş bolan: Atamyrat ŞAGULYÝEW.

Meňzeş habarlar