ARAL SEBITINIŇ EKOLOGIÝASY

        Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy netijesinde, gözel ülkämizde daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça birnäçe Kanunlar we Kararlar kabul edýär. Türkmenistan bu ugurda halkara Konwensiýalara hem işjeň gatnaşýar. Bu Aral sebiti babatda hem şeýledir. Muňa aýdyň mysal hökmünde, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň döredilmegidir.

        Aral deňziniň basseýni täsin ekologik ulgam bolup, ol Merkezi Aziýanyň iki sany baş derýasy – Amyderýanyň we Syrderýanyň suwlaryndan emele gelip, olaryň ýyllyk umumy akymy 115 km3-e deňdir. Derýalaryň ikisi-de Pamir daglaryndan gözbaş alyp, sebitiň bäş döwletiniň hem-de Owganystanyň çäklerinden akyp geçýär.

        Aral deňziniň meýdany 1961-nji ýylda 60 müň inedördül kilometrden hem uly bolan örän giň meýdany tutýardy. Şol döwür bilen deňeşdirilende, häzirki wagtda suwuň derejesi ep-esli aşak düşdi we suw üstüniň meýdany 50 göterimden gowrak azaldy. Netije-de, Aralyň zyýanly täsirini ýeňip geçmegiň iň esasy ýollarynyň biri-de, asyryň iri taslamasy bolan Türkmen kölüniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam etmegidir. Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki Bötendag belentliginde 20 müň gektar tokaý zolagynyň döredilmegi bolsa, şorlaşmanyň öňüni almagyň hem-de howadaky duzlaryň mukdaryny kemeltmegiň çäresi bolup hyzmat edýär.

        Her ýylyň güýz we ýaz aýlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen, köpçülikleýin bag ekişlik çärelerine badalga berlip, olarda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň millionlarçasy oturdylýar we öňden bar bolan nahallara idegler edilýär. Durmuşa geçirilýän ählumumy we netijeli işler Aral sebitiniň ekologiýasyny gowulandyrmakda, gözel tebigatymyzy gorap saklamakda, ony geljekki nesillere ýetirmekde möhüm ädimdir. Munuň üçin, ýurdumyzyň ýaş nesilleri hem geçirilýän ählihalk çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, ekologiýany we daşky gurşawy goramakda öz şahsy goşantlaryny goşýarlar.

        Halkymyzyň eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, bütindünýä ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Laçinbek ALLABERGENOW,

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň

Daşoguz welaýat bölüminiň başlygy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar