MAŞGALA GORAGLYLYGY – DÖWLETIŇ BERK BINÝADY

      Ýurdumyzda maşgalanyň has-da pugtalanmagy we rowaçlanmagy üçin ähli amatly şertler döredilip, maşgalalaryň durmuş hem-de medeni ýaşaýyş şertleri, raýatlaryň maddy hal-ýagdaýy barha gowulandyrylýar. Bitarap Watanymyzda her bir maşgalanyň, enäniň we çaganyň döwlet tarapyndan goraglylygy üpjün edilýär. Maşgalanyň goralmagy diňe bir durmuş goldawyny öz içine alman, eýsem ol hukuk goragyny-da öz içine alýar. Bu hukuklar erkekler bilen aýallaryň, hat-da nika gatnaşyklarynda hem deňhukuklylygyny kesgitleýän halkara namalaryň milli kanunçylygymyza ornaşdyrylmagynda öz mynasyp beýanyny tapýar.

      Ata Watanymyzda her bir maşgala ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilip, täze maşgalalara ýeňillikli karzlaryň hasabyna elýeterli bahadan öýleri satyn almakda goldaw berilýär. Bulardan başga-da, «Sagdyn bedende - sagdyn ruh» diýen şygary ýol-ýörelge edinýän parahat ýurdumyzda her bir maşgalada ruhy we beden taýdan sagdyn çagalaryň dünýä inmegi, terbiýelenmegi üpjün edilýär. Ýeri gelende aýtsak, ýaňy-ýakynda ýaşlar syýasatynyň çäklerinde kabul edilen maksatnamada ýaş maşgalalar, olaryň durmuş üpjünçiligi we medeni ýaşaýyş şertleri göz öňüne tutulandyr.

      Gahryman Prezidentimiz döwletimiziň abraýynyň dünýä ýaýylmagynda ýurdumyzyň dürli jemgyýetçilik pudaklarynyň ösmegine goşant goşýan, maşgalada aýratyn hormatdan peýdalanýan zenanlarymyzyň ornuna uly baha berip, her ýyl köp çagaly enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly atlary dabaraly ýagdaýda dakýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda türkmen maşgalasynyň, jemgyýetiniň, galyberse-de türkmen döwletiniň kuwwadynyň barha berkemegine oňyn täsir edýär. Ýaşlar hem öz gezeginde, saýlap alan hünärlerinden kämilleşip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

      Dünýäde ykrar edilen türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan asylly işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

 

Akjemal NURYMOWA,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň

pensiýa gaznasy bölüminiň hünärmeni,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar