TÜRKMEN DIPLOMATLARYNYŇ HÜNÄR BAÝRAMY MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI

    Ýakynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaralar geçirildi. Olara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

    Hormatly myhmanlar ilki bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasyna şaýat boldular. Onuň dowamynda ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň geljekde alyp barjak işleri tanyşdyryldy. Soňra baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan sergä, şeýle-de institutyň durky täzelenen muzeýine aýlanyp gördüler. Sergide ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, halkara guramalaryň durmuşa geçirýän amallary, ýaş türkmen diplomatlaryny taýýarlamakda alnyp barylýan işler şöhlelendirildi.

    Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat geçirildi. Onuň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoff, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ali Mardan Rouzbehani, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok çykyş etdiler.

    Çykyşlarda Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli we parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň halkara gatnaşyklardaky orny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy abadançylyga gönükdirilen başlangyçlary dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.

    Soňra Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlaryna «Türkmenistanyň ussat diplomaty» atly tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri we Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym talyplary diplomlar bilen sylaglandylar.

    Dabaralar tamamlanandan soňra Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli kabul edişlik çäresi guraldy. Kabul edişlikden soňra myhmanlar Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredijilik topary tarapyndan taýýarlanylan baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler.

 

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar