TÜRKMEN TALYPLARY POLŞADA MATEMATIKA BOÝUNÇA GEÇIRILEN HALKARA OLIMPIADADA 22 MEDAL GAZANDYLAR

6–10-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowisa şäherinde Silezk uniwersiteti tarapyndan guralan talyplaryň matematika boýunça toparlaýyn halkara olimpiadasynda (International Student Team Competition in Mathematics (ISTCiM)) türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary dürli gymmatlykdaky medallaryň 22-sini gazandylar.

9 altyn, 8 kümüş, 2 bürünç, jemi 19 medal, ine, abraýly olimpiadanyň şahsy hasabynda Türkmenistanyň talyplarynyň ajaýyp netijesi şeýle boldy!

5 altyn medal Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň gazananlarynyň hataryny artdyrdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 3 altyn we 2 kümüş medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary medallaryň 3-sini – altyn, kümüş we bürünç medal gazandylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary 3 sany kümüş medal aldylar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň hersinde 1 kümüş medal boldy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talybyna 1 bürünç medal degişli boldy.

Medallaryň ýene-de 3-sini – 2 kümüş we 1 bürünç medaly türkmen talyplary olimpiadanyň toparlaýyn bäsleşiginde gazandylar. Mundan başga-da, biziň talyplarymyz bäsleşigiň netijeleri boýunça höweslendiriji baýraklaryň 2-sini aldylar.

Türkmenistanyň talyplarynyň şeýle ajaýyp üstünligi olaryň ders boýunça ýokary taýýarlygyny görkezip, ýurtdaky giň gerimli özgertmeleriň netijelidiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol özgertmeler milli bilim ulgamyny yzygiderli we hemişe kämilleşdirmäge, onuň hilini ýokarlandyrmaga we ony dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilendir.

Matematika boýunça halkara olimpiada talyplara halkara derejesinde öz bilimlerini we ukyplaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik berdi. Bäsleşik Polşanyň, Beýik Britaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň zehinli matematikleriniň 150-den gowragyny bir ýere jemledi.

Oňa gatnaşanlara dersiň matematiki seljerme (topologiýa we köplükleriň nazaryýeti bilen), funksional deňlemeler (differensional deňlemeler bilen), algebra we kombinatorika, geometriýa we çyzykly algebra, ähtimallyk nazaryýeti ýaly bölümleri boýunça çylşyrymly ýumuşlar hödürlenildi.

Katowisede geçirilýän matematika boýunça halkara olimpiada her ýyl dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinden takyk ylymlara aýratyn gyzyklanma bildirýän talyp ýaşlaryň wekilleriniň ählisini garşylaýar.

Olimpiada talyplaryň matematika bolan hakyky gyzyklanmalaryny goldamak, matematika boýunça zehinli ýaşlaryň ösüşini höweslendirmek, gatnaşyjy ýurtlaryň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerini hem-de ylym we bilim ulgamynda ýokary okuw mekdepleriň gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen geçirilýär.

turkmenistan.gov.tm