HALKARA ENE DILINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK

        Dil halkyň maddy hem ruhy baýlygynyň özenidir. Ol halkyň bütin taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Her bir milletiň beýleki halklardan tapawutlanýan özboluşly ene dili bardyr. Her ýylyň 21-nji fewralynda «Halkara ene diliniň güni» dünýäde giňden bellenilýär. BMG-niň bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň ýurdumyzda assosirlenen mekdepleriň 2024-nji ýyl üçin tassyklanan meýilnamasyndan ugur alyp, «Halkara ene diliniň gününi» dabaralandyrmak maksady bilen ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilen Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Balkanabat şäher Geňeşi bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda türkmen, iňlis, rus dillerinde türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okamak, ýatdan aýtmak we aýdym edip aýtmak boýunça bäsleşigini geçirdi. Ýaşlarda kitap okamak, öz üstüňde işlemek, ugurtapyjylyk ýaly endikleri oýarmak, ene dilimize bolan söýgüni artdyrmak, daşary ýurt dillerinde çeper okaýyşy kämilleşdirmek, şeýle hem, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary giňden wagyz etmekligi maksat edinen bäsleşik diýseň gyzykly geçdi. Bäsleşige mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşyp, çykyş edenlere eminler tarapyndan mynasyp orunlar berildi.

        Bäsleşigiň netijesinde türkmen dilinde türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan aýtmak şerti boýunça 8-nji “B” synpyň okuwçysy Nurjemal Nyýazdurdyýewa, labyzly okamak ugry boýunça bolsa 5-nji “A” synpyň okuwçysy Gülperi Durdyýewa dagylar ýeňiji boldy.

        Iňlis dilinde türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan aýtmak şerti boýunça 11-nji “Ç” synpyň okuwçysy Jennet Keroglyýewa , labyzly okamak şerti boýunça bolsa 10-njy “A” synpyň okuwçysy Leýla Eminowa dagylar ýeňiji boldy.

        Rus dilinde bolsa pähim-paýhasyň ummany bolan, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan aýtmak şerti boýunça 11-nji “D” synpyň okuwçysy Gülaýym Dädebaýewa, labyzly okamak şerti boýunça 9-njy “A” synpyň okuwçysy Hajar Kuwadowa dagylar ýeňiji boldy.

        Dana şahyrymyzyň goşgularyny türkmen dilinde aýdym edip aýtmak şerti  boýunça 5-nji “D” synpyň okuwçysy Mälikgylyç Aşyrgylyjow, iňlis dilinde aýdym edip aýtmak şerti boýunça 5-nji “D” synp okuwçysy Emram Abdyrahmanow, rus dilinde aýdym edip aýtmak şerti boýunça bolsa 11-nji “Ç” synpyň okuwçysy Ýunus Öwezow dagylar ýeňiji boldular. Ýeňijilere TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ananýaz SAPAÝEWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar