Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimizi, mirasymyzy çuňňur öwrenmeklige, ösüp gelýän ýaş nesillere öwretmeklige hem ýokary derejede üns berilýär. Ýurdumyzda asyrlaryň şaýady bolup, bu günki günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärlikleriň ençemesi bar. Dürli döwürlerden habar berýän taryhy ýadygärliklerimiz baradaky gymmatly maglumatlar taryhçylarymyz tarapyndan öwrenilýär, toplanylýar, ýaş nesillere ýetirilýär.
Irki döwürlerde gülläp ösen ilatly merkez bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy galalarymyzyň biri hem, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Ýagtylyk we Yzmykşir obalarynyň aralygynda ýerleşýän Yzmykşir galasydyr. Diwarlary laýdan galdyrylan galanyň häzirki wagtda birnäçe diwarlary galan hem bolsa, bu gadymy gala alymlaryň, taryhçylaryň çaklamalaryna görä 20 gektara golaý meýdana eýe bolup, onuň dört sany derwezesi bolupdyr. Galanyň häzirki wagtdaky galan diwarlarynyň çig kerpiçden örülen bölekleri hem bar. Bu bölekler, megerem, has soň abatlaýyş işleri geçirilende örülen bolmaly.
Galanyň “Yzmykşir” ady “Zamahşar” sözüniň üýtgedilen görnüşinden gelip çykan bolmaly diýlip, çaklanylýar. Taryhy çeşmelerde bu ýerde gündogaryň beýik alymy, şahyr Mahmyt Zamahşarynyň (1075 — 1144) doglandygy barada maglumatlar gabat gelýär. Häzirki wagtda bu ýerde beýik alymyň hormatyna dikeldilen aramgäh bar. Bu ýere ýurdumyzyň ähli künjeginden, şeýle-de, daşary ýurtlardan taryhçylar, alymlar, syýahatçylar gelýärler.
Bu galanyň taryhyny we beýik alym Mahmyt Zamahşary baradaky gyzykly maglumatlary ýaşlara öwretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi we onuň düzümindäki Ilkinji Ýaşlar guramalary tarapyndan milli mirasymyzy wagyz etmäge gönükdirilen medeni-köpçülik çäreleri yzygiderli geçirilýär. Talyplaryň, esgerleriň we okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda gezelençler yzygiderli guralýar.
Milli medeni mirasymyzy dünýä ýüzünde ýaýbaňlandyrmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys!
Täjigül GYLYJOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap
Geňeşiniň uly buhgalteri.