ENELER — ZEMINIŇ GÖRKI

      Ene hakynda söhbet açmagyň özi göwnüňi ganatlandyrýar. Çünki eneler dünýämiziň görküdir, owaldan-ahyra çenli öçmez keramatydyr. Olar bilen durmuşymyz ajaýyplyga, ýollarymyz ýagtylyga, täleýlerimiz owadanlyga eýedir. Megerem, eneleriň ýüregi söýgi bilen suwarylyp, mähir bilen eýlenendir. Dünýäde taýsyz gözellik bar bolsa, ol diňe ene kalby bolup biler. Ene kalbynyň mylaýymlygyny, mähir-muhabbetini ölçeýän hiç bir güýç ýokdur.

      Mähriban enelerimiziň ýaza meňzeş ýüregi, nirede bolsak-da biziň bilendir. Çünki bu ýagty jahana gelen her bir adam ogly mähriban käbesiniň saýasynda ösüp, ulalyp, ene mährinden mähir alyp, ene diýen mukaddes sözden dil açýar. Edil şonuň ýaly-da, dünýä inip gözümizi açanymyzda, ilkinji gezek eziz käbämizi görýäris. Biziň ulalyp abraýly derejelere ýetmegimiz üçin esasy alada edýän enelerimizdir. Eneler bizi geljegimize ruhlandyrýan, güýç-kuwwat berýän beýiklikdir. Öz perzentlerine mähir paýlaýan ene neneň keramat bolmasyn!?

      Her bir türkmen maşgalasynyň enesine goýýan sarpasy uludyr. Çünki maşgala ojagynyň abatlygy, berkararlygy ak öýleriň ýaraşygy bolan mährem enelerimize bagly. Kalbyndaky mähri bilen bütin barlygy alaýaz edýän enelerimiz her bir öýüň arzymanydyr. Enelerimiziň her pähim-paýhasy, görüm-göreldesi, öý-ojagyň, rysgal-döwletiň hamyrmaýasydyr, agzybirligiň sakasydyr. Enäniň ýyly sözüni eşideniňde, göwnüň, giňäp, kalbyň ganatlanýar.

      Eziz enelerimiz, goý, siziň güler ýüzüňiz elmydama ýylgyryp dursun. Ýaza meňzeş owadan kalbyňyzda mydama şatlyk nury köp bolsun. Durmuşyňyz bahar bägülleri ýaly owadan, janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun!

 

Batyr NARYÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar