Ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik mirasy, däp-dessurlary, türkmen halkynyň belent ruhy sütünleri demokratiýany, kanunyň hökmürowanlygyny, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny berkitmegiň binýadyny emele getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň özeni, esasy daýanjy bolan maşgala möhüm durmuş we terbiýeçilik orun degişli bolup durýar. Şol mukaddes ojagyň mährem ýüregi, çagalaryň baş terbiýeçileri bolsa zenanlarymyzdyr. Zenanlaryñ hukuklarynyň goralmagy, olar üçin deňhukuklylygyň üpjün edilmegi islendik döwletde her bir maşgalanyñ abadançylygy we jemgyýetiñ ösmegi üçin, ynsan nesliniñ dowamaty, sagdyn jemgyýet üçin kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi möhüm şertleriň biri bolup durýar.
Şu jähetden, adam hukuklarynyň goraglylygyny berkitmek gender deňligi babatda hem möhüm ähmiýete eýedir. Aýallaryň hukuklarynyň deňligi BMG-niň esas goýujy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. BMG-niň Tertipnamasynyň girişinde ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna hem-de aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyna öz ynamyny tassyklamagyň onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygy kesgitlenendir.
BMG tarapyndan 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň girişinde kesgitlenilişi ýaly, ynsan maşgalasynyň ähli agzalaryna mahsus mertebäniň hem-de deň we aýrylmaz hukuklaryň, ýagny ynsanyň tebigy hem mizemez hukuklarynyň ykrar edilmegi bolsa azatlygyň, adalatlylygyň we ählumumy parahatçylygyň esasy şerti bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi adam hukuklarynyň goragyny kepillendirmek bilen, ýurdumyzyň bu Jarnamanyň mizemez maksatlaryna we ýörelgelerine pugta ygrarlydygyny tassyklaýar. Çünki Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: “Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýlip kesgitlenilýär. Şeýle hem, Konstitusiýanyň 29-njy maddasynda gender deňligi babatda: “Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär” diýlip berkidilen.
Ýurdumyzda gender deňliginiň hukuk esasyny emele getirýän bu hukuknama zenanlaryň erkekler bilen deň hatarda syýasy, ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ugurlardaky hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagy üçin döwlet kepilliklerini berkidýär. Türkmenistanda zenanlaryň ýokary jemgyýetçilik hukuk derejesi türkmen jemgyýetinde gadymdan gelýän demokratik gymmatlyklar bilen baglydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň strategik taýdan wajyp we ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary boýunça esas goýujy Konwensiýalaryndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz we yzygiderli berjaý edýär.
Türkmenistanda zenanlaryň hukuklarynyň kepillikleri we goraglylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Ýurdumyzyň goşulan BMG-niň Konwensiýalarynda göz öňünde tutulan derwaýys wezipelere we maksatlara laýyklykda, 2015-nji ýylda kabul edilen “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelerini ösdürmekde we baýlaşdyrmakda, ilatyň durmuş hukuk goraglylygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatda milli hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bolsa türkmen döwletiniň täze taryhy döwürde sazlaşykly ösüşiniň hem-de onuň demokratik-hukuk esaslarynyň pugtalandyrylýandygy aýdyň tassyklaýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy kabul edildi. Bu Meýilnamanyň maksady döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji we wekilçilikli edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň jyns alamaty boýunça hukuk kemsitmeleriniň ýüze çykmagyna ýol bermezlige gönükdirilen hereketleriniň utgaşdyrylmagy bilen, gender deňliginiň üpjün edilmegi we durmuşyň ähli ulgamlarynda aýallaryň we erkekleriň şahsy mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegini üpjün edýän şertleriň döredilmeginden ybaratdyr. Onda raýatlaryň deň hukuklarynyň we azatlyklarynyň konstitusion ýörelgesiniň üpjün edilmeginde we gender deňligi boýunça kabul edilen halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginde döwlete kesgitleýji ornuň degişlidigi aýratyn nygtalýar.
Türkmenistanda gender deňligi boýunça Milli Hereketleriň Meýilnamasy Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara paktynyň, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar baradaky halkara paktynyň, BMG-niň “Aýallar babatynda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky”, “Aýallaryň syýasy hukuklary hakyndaky” halkara Konwensiýalarynyň esasy düzgünlerine we Aýallaryň ýagdaýy barada IV bütindünýä maslahatynyň (Pekin, 1995-nji ýyl) jemleýji resminamalaryna, Pekin+10 resminamalaryna, Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna, şeýle hem Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we beýleki halkara guramalarynyň resminamalaryna laýyk gelýär.
Gender deňligini üpjün etmek 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde dünýä ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolup durýar. Ýagny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin kesgitlenen 17 maksadyň 5-njisi “Gender deňligini üpjün etmek we aýallaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyz BMG-niň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň birnäçesiniň agzasy bolup, olaryň çäklerinde degişli halkara çärelerini amala aşyrýar. Olaryň hatarynda BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri baradaky düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşini (“BMG — Zenanlar”), 2018-2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) Zenanlaryň statusy boýunça komissiýany, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetini, 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşini nygtamak bolar.
Döwletimizde raýatlyk we syýasy hukuk ulgamynda deňhukuklylyk ýörelgesiniň üpjün edilmegini Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” (03.05.2014ý.), “Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda” (09.11.2013ý.), “Syýasy partiýalar hakynda” (10.01.2012ý.), “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” (22.06.2013ý.) Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kadalarynda görmek bolýar. Eneligi we ýaş nesliň durmuş-ykdysady taýdan goraglylygyny jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklarynyň biri hökmünde ykrar edýän Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi (19.10.2012ý.) eneler we çagalar üçin maddy we durmuş ýeňillikleriniň netijeli ulgamynyň döredilendigini şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi bolsa, aýallaryň zähmet hukuklaryny diňe bir üpjün etmän, olara durmuş-ykdysady nukdaýnazardan hukuklaryň artykmaçlyklaryny we ýeňillikleri hem kesgitleýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramaga, maşgalany berkitmäge gönükdirilen uly işleriň durmuşa geçirilmegi zenanlara goýulýan uly sarpadan nyşandyr. Çaganyň maşgalada sagdyn ösmegi üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy onuň saglygyny kepillendirýän bolsa, çaganyň bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi kämil şahsyýetleri kemala getirmekde maşgalanyň durmuş üpjünçiliginiň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn ýola goýulandygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny döretmek hakynda kanunyna laýyklykda ýurdumyzda köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy, ýaş çagaly enelere hemaýat pulunyň berilmegi, her ýylda “Halkara zenanlar güni” mynasybetli hormatly dynç alyşdaky enelere, dürli kärlerde zähmet çekýän we okaýan gelin gyzlara, çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazlara çenli hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň berilmegi ýurdumyzda zenan mertebesiniň belent tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bularyň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini has-da giňeltmek, gender deňligini üpjün etmek babatda alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň mysallarydyr. Zenanlaryň hukuk goraglylygynyň berkidilmegi, olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda Watanymyza hyzmat etmekleri üçin şertleriň döredilmegi, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däp bolan eneleriň hatyrasynyň belent derejelere göterilmegi, durmuş ýeňillikleriniň üpjün edilmegi halkymyza mahsus bolan kanunalaýyklykdyr. Döwletimiziň kepillendirýän gender deňligi bolsa ykdysady we durmuş ösüşine bolan erki we ukyby döredip, öz nobatynda, tutuş adamzadyň parahatçylygyny we ösüşini üpjün edýär.
Welimyrat ÖWEZOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň müdiri.