Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar şu güni, nurana geljegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Netijede ýaşlarymyz Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen amal edilýän işlere çuňňur düşünip, okamak, öwrenmek, döretmek bilen Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da beýgeldýärler.
Döwlet Baştutanymyz «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» – diýip, biz ýaşlara bildirýän ynamyna wepaly bolup kämil şahsyýetler bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys.
Türkmen ýaşlarynyň sanly ulgam bilen üpjün edilen bilim edaralarynda okamagyny, zähmet çekmegini hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny göz öňüne tutýan mümkinçilikleri we şertleri ýokarlandyrmak ýaş nesiller babatda halk bähbitli işleriň özenini düzýän aýratynlykdyr. Bu ýurduň her bir ýaş raýatynyň umumy bähbitli başlangyçlara, jemgyýetiň ösüş depginine goşant goşmaga höweslenmeginde hem-de özünde belent hyjuwy kemala getirmegi üçin hökmanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň il-günümize sowgat beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyndan ruhlanyp, bu ajaýyp eserde aýratyn bölüm hökmünde ýerleşdirilen «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly bölümüni wagyz etmek maksady bilen taýýarlanan «SANLY DÜNÝÄ: ÝAŞLAR. ÖSÜŞ. GELJEK» atly gepleşigimiziň ýene bir sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň bu sanyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow alyp baryp, onuň bu sanyna guramanyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Serdar Gurbanmuhammedow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň mugallymy Döwrangeldi Suwhanow hem-de şol institutyň talyby Durdygylyç Mergenow dagy myhman hökmünde gatnaşdylar.
Gepleşigiň dowamynda oňa gatnaşýanlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yashlar.gov.tm resmi web saýtynyň poçta hasabyna ildeşlerimizden gelip gowşan gyzykly hem-de täsirli soraglar dogrusynda, olary näme üçin we nähili ulanmalydygy barada gürrüň berdiler.
Ýagny, «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» ady bilen ýazgy edilen gepleşigiň bu sanynda eMekdep programmasy, ýokary okuw jaýlaryna sanly ulgamyň ýerleşdirilişi we bilim portaly hem-de gözleg matorlaryndan özümize gerekli bolan maglumaty nädip az wagtda peýdaly ulanyp bilmegimiz dogrusynda düşündirdiler.
Eýsem eMekdep näme? eMekdep programmasy bilimiň hilini has-da ösdürmek üçin niýetlenen bolup, ol orta mekdeplerde mugallymlaryň we ýolbaşçylaryň işini ýeňilleşdirýän, mekdep bilen ata-enäni birikdirýän sada we goragly ulgamdyr. Bu programmany:
Müdir, administratorlar: ulanyjylaryň maglumatlarynyň täzelenip durulmagy; ders ýüklerini – ähli synplaryň gündelik okaýan derslerini we şol derslere girýän mugallymlaryň yzygiderlikdäki rejesini, hepdelik sagat sanlaryny täze saklanmagy; okuw programmasyndaky ders rejeleriň täze saklanmagy;
Mugallymlar: özüne degişli bolan synp žurnallaryny dolduryp, gatnaşyk almagy; özüniň ders rejesini görüp bilmegi;
Ata-eneler: öz çagalarynyň gündeliklerini, çärýeklerini we degişli sapaklardan okadýan mugallymlaryny görüp bilýärler.
Okuwçylar: öz gündeliklerini, çärýeklerini we nobatdaky sapaklaryň haýsy mugallymlara degişlidini görüp bilýärler.
Bilim müdirlik we ministrlik: Hasabatlaryny awtomat usulda alýar.
Ata-eneler üçin çagalarynyň bilimi, ýagny günde näçelik baha alandygy, sapaklaryna doly gatnaşandygy ykjam telefon belgilerine sms habarlary arkaly ugradylýar. Şeýle hem çagasynyň gyzyklanma analitikasy boýunça haýsy ugurdan gyzyklanýandygy, ukyplydygy ýa-da haýsy dersden çärýekliginiň peselendigini görüp bilýär.
Sanly bilim ulgamy-bu okuw prosesiniň dürli meselelerini üpjün etmek üçin döredilen açyk maglumat ulgamlarydyr. Bilim ulgamy ep-esli maglumatlary yzygiderli döredýär we ýygnaýar, häzirki wagtda köp sanly bilim dersleri tarapyndan bu maglumatlar bilen yzygiderli işlemek meselesini iň möhümleriň biri diýip atlandyryp bolar. Uly maglumatlar, bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin okuwy üýtgetmek, çemeleşmeleri täzeden gözden geçirmek we tejribe uýgunlaşdyrmak üçin güýçli gural bolýar.
Elbetde, biz maglumat we tehnologiýa asyrynda ýaşaýarys. Özümize gerekli bolan maglumaty internetde sanlyja sekuntlaryň içinde tapyp bilýäris. Ýöne internet maglumatlaryny ýerlikli ulanmagy, öz ugrunda kämilleşmek üçin peýdalanmagy başarmaly.
Pirnazar REJEPOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.