Astrahan döwlet uniwersitetiniň hem-de Aşgabatdaky A.S Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekildi. Bu barada «CentralAsia.news» habar berdi.
Ylalaşyga gol çekişmek dabarasy Astrahan döwlet uniwersitetinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan telewiktorinanyň çäginde geçirildi.
Dabara uniwersitetiniň talyplary, Wolga sebitiniň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdebiň, şeýle hem Aşgabatdaky A.S.Puşkiniň adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar dört topara bölünip, şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky sowallara dogry jogap bermek boýunça özara bäsleşdiler. Netijede bäsleşigiň birinji ornuna türkmen mekdep okuwçylarynyň «Ýyldyzjyklar» topary mynasyp boldy.
Toparlaryň çykyşlaryna baha bermekde emin agza hökmünde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň wekili Enegül Kakajanowa hem gatnaşdy.
turkmenportal.com