Eziz ülkämiziň gözel tebigaty hem-de ummasyz baýlyklary bar. Şol ajaýyp tebigatymyzy goramak, geljekki nesillere abatlygy bilen ýetirmek biziň raýatlyk borjumyzdyr. Bu barada «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasynyň 6-njy bendinde giňişleýin bellenip geçilýär.
Ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy we tebigaty goramagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar we ekologik meseleleri çözmek babatda dünýä ähmiýetli birnäçe maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şonuň bilen baglylykda, adamlaryň jan-saglygy üçin zerur bolan howany we kislorody bölüp çykarýan agaçlary ösdürip ýetişdirmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, döwletimizde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň we dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen bu tagallalar ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak ädimlerdir.
Gözel Diýarymyzyň tebigatyny gorap saklamakda we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda ýaş nesli terbiýelemek meselesi uly orun tutýar. Türkmen halkynyň çaga terbiýelemek däbinde ekologiýa esaslandyrmasy elmydama bolupdyr. Tebigata söýgi, ony gorap saklamagyň möhümligi ýaly häsiýetleri ösüp gelýän ýaş nesilde terbiýelemek her bir maşgalada möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hut şol sebäpden hem, haýsy kärde zähmet çekýändigimize garamazdan, biz – ulular ýaşlara öz şahsy göreldämiz bilen nusga bolmalydyrys. Bu esasan hem, tebigatyň gözel ýerlerinde çagalar bilen dynç alnanda, ýygnanan zir-zibilleri ýörite bellenen ýerlere dökmekligi çagalara düşündirmeli we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmelidiris. Ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň ekologiýa sowatlylygyny artdyrmak we daşky gurşawy goramak medeniýetini ýokarlandyrmak – sagdyn geljegimiziň girewidir.
Leýla MATMURADOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.