Her bir güni taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän başlangyçlarynyň oňyn netijelerini ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünliklerde, rowaçlyklarda, belent ösüşlerde aýdyň görmek bolýar. Şeýle ösüşleriň esasy daýanjy bolsa bagtyýar ýaşlardyr. Hut şonuň üçin hem, ýurdumyzyň ykbal özgerdiji ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesil baradaky köptaraply aladalar hemişe naýbaşy orunda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Munuň özi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň gujur-gaýratyna, netijeli zähmetine, giň dünýägaraýşyna uly ynam bildirilýändiginiň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň edýän aladalaryna, bildirýän uly ynamyna abraý bilen hötde gelmek bolsa, ruhubelent ýaşlarymyzyň öz öňlerinde goýýan baş maksatlarynyň biridir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy her birimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy. Döwrüň öňümizde goýýan möhüm wezipeleri, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde geljekde ýaşlara aýratyn uly ornuň degişlidigi bu ajaýyp kitapda jikme-jik beýan edilýär. Bu kitap türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň özboluşly jemlenmesi hem-de waspnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda «Bu şöhratly ýolda gazanylýan üstünliklerde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we onuň agzalarynyň mynasyp paýy bolmalydyr. Ýaşlar guramasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, geljegimiz bolan ýaşlarymyzy watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri alyp barmalydyr. Şol işleriň netijesinde, biziň ýaşlarymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyna öz goşandyny goşmalydyrlar» diýip bellemek bilen, biz ýaşlara uly ynam bildirýär.
Ýaşlar barada edilýän köptaraplaýyn aladalar, berilýän goldawlar kämil kanunçylyk namalaryna, olaryň nurana geljegine gönükdirilen ýörelgelere esaslanýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, munuň anyk subutnamasydyr. Ýaş nesiller barada edilýän aladalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de onuň welaýat, etrap, şäher Geňeşleri tarapyndan hem ähli tagallalar edilýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, etrabymyzyň bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarynda ýaşlaryň arasynda bolup, wagyz-nesihat duşuşyklaryny, aýdym-sazly, döredijilik bäsleşiklerini, dabaraly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sport ýaryşlaryny we gezelenç çärelerini yzygiderli guraýar. Bu geçirilýän çärelere, bäsleşiklere etrabymyzyň ýaşlary işjeň gatnaşýarlar, bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlara mynasyp bolýarlar. Her bir ýaş nesliň wekiliniň ýaşlykdan öz zehinine, ukyp-başarnygyna görä, üstünlikler gazanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaklygy, onuň kämillik atly basgançaklara ädýän ilkinji ynamly ädimleridir.
«Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgä eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli beýik işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly
etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.