Bahar paslynyň gelmegi bilen gül-gunçalaryň açylmagy, bag-bakjalaryň pyntyklamagy, guşlaryň saýramagy tebigatyň durkydyr howasy bilen täzelenýän döwridir. Bu paslyň ilkinji günlerinde uludan bellenilýän baýramlaryň biri hem Halkara zenanlar günüdir. Dünýä ýurtlarynda bellenilip geçilýän bu baýramçylygyň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri hem zenanlaryň zähmete bolan hukuklarynyň goralmagy hem-de ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine, goldawlara mynasyp bolmagydyr. Bu baýram ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramlaryň biri bolup, baýramçylyk günleri Diýarymyzyň ähli ýerlerindäki söwda nokatlarynyň gül bazarlarynda hereket has hem ýygjamlaşýar. Gül bilen bile zenanlara iň köp gowşurylýan sowgatlaryň ýene biri hem dürli görnüşli süýjüliklerdir. Şeýle-de Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaralar, baýramçylyk çäreleri gerime eýe bolýar. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda ähmiýetli işleri amala aşyrýarlar. Watanymyzyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, sagdyn, ruhubelent, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli gelin-gyzlara, mähriban enelerimize pul sowgadyny berýär. Älemi özleriniň ýyly mähri bilen ýyladýan zenanlarymyz durmuşymyzyň nurly şöhlesi bolup, bizi ýagty geljege atarýar. Goý, Zeminiň zynaty, dünýäniň durky bolan zenanlarymyzyň ýüzleri elmydama gülüp dursun! Zenanlaryň sarpasyny belent tutup, olary bagtyýarlykda bagtly ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Myrat GOŞAÝEW,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.