MÄHRIŇIZDEN GOJA ZEMIN GÜLLEMIŞ, BARLYGŇYZDA DOWAMATDYR GÜLLEÝIŞ...

      Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda her bir güni  toýdur-baýramlara beslenýän Güneşli Diýarymyzda zenan kalbynyň näzikligi deý, gül-gülälekleri bilen owadan tebigatymyzy bezeýän, ýaz paslynyň ilkinji günlerini uly ruhubelentlige besläp gelýän baýramlaryň biri bolan Mart aýynyň 8-inde Halkara Zenanlar gününiň giňden bellenilip geçilmegi, ýurdumyzda zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpanyň belentdigini aňladýar.

      Hawa, Halkara Zenanlar güni – bu köňül arzuwy parahatlykdan we abatlykdan ybarat bolan kümüş saçly, mährem enelerimiziň baýramy. Bu baýram – bahar güllerine meňzeýän owadan gelin-gyzlarymyzyň baýramy. Rowaýatlarda aýdylşyna görä, eneler ýylgyrsa her bir öýe mähir çaýylýandyr. Olaryň gursagyndaky arzuwy perzentlerini bagtyýar durmuşyň gadyr – gymmatyny we hözirini görüp ýaşatmakdyr. Aslyýetinde, dünýäniň özboluşly owadanlygy, täsin gudratlylygy hem-de ýakymlylylygy jedelsizdir. Çünki onuň direg sütünini biz keremli enelerimizde görýäris. Şahyryň «Dünýäniň bar durky enedir, ene...» diýip, jaýdar bellemegi bolsa, bu hakykata aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýle setirlerden soň «Dogrudan hem dünýäniň bar durky, ähli görki enelerde jemlenen bolaýmasyn?» diýen sorag seriňe dolýar. Bu sowalyň jogaby bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň: «Ene-dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi. Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri – beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä indiren ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler» diýen sözlerindäki ajaýyp jogapda jemlenýär.

      Hut şu nukdaýnazardan, biziň ata Watanymyzda zenanlarymyza, mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza  uly hormat-sarpa goýulýar. Sekiz we ondan köp çagany dünýä indiren enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, önümçiligiň dürli ugurlarynda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlarymyzyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy, her ýylda däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli zenanlaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy we zenanlarymyzyň şanyna türkmen desterhany giňden ýazylyp, baýramçylyk çäreleriň şatlyk-şowhuna beslenip geçirilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ojaklarymyzy ýyly mähre çoýun oturan kümüş saçly enelerimizdir, zenanlarymyzyň mertebelerini hemişe belentde saklaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şu ajaýyp pursatda bolsa, bagtdan paýly, sylagdan serpaýly zenanlarymyzyň şatlykly duýgulary başdan geçirip, ýatdan çykmajak pursatlara eýe bolýandygyny biz uly buýsanç bilen aýdyp bileris.

      Biz hem baýramçylyk şowhunynyň dowam edýän günlerinde mährem enelerimizi, ýazlaryň ýaraşygy bolan gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutlaýarys. Goý, asuda Watanymyzda enelerimiziň güler ýüzleri hemişe ýylgyryp dursun! Goý mähriban käbelerimiziň owadan ýylgyryşy, asuda asmanymyzyň Güneşi ýaly, bu Zemine mähir paýlasyn! Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zenanlarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar