SUNGAT WE SPORT

     Ynsan ömrüniň gymmatly baýlygy saglyk hasaplanylýar. Durmuşyň gündelik hysyrdylary bilen bolup, öz saglygymyzy ünsden düşürýän wagtlarymyz hem bolýar. Ynsan saglygyna nämäniň ýaran bolup biljekdigini daşdan gözlemeli däldiris. Sport saglygyň esasy ýaranydyr. Sport ynsanyň ýaş dowamlylygyna, beden saglygyna, görküne, öz başarnygyňa bolan ynamyň artmagyna täsir edýär. Biziň watanymyz sport ýurduna öwrülýär. “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly kitapda şeýle bellenýär: “Adamzadyň iň gadymky özleşdiren sungaty sportdur. Sport – sagdynlyk, sport – gözellik, sport bir söz bilen aýdanyňda ýaşaýyşdyr.” Bu günki günde kalplary watana bolan söýgüden doly ýaşlaryň kalplarynda ýaşaýşyň esasy ýarany sporta bolan söýgi gaýnap joşýar. Gahryman Arkadagymyzyň we  Arkadagly Gahyman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda sport ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Sportuň janköýerlerine, sporty jany-teni bilen söýýänlere  sport bilen meşgullanmak üçin häzirki zaman türgenleşik enjamlary bilen enjamlaşdyrlan sport desgalary, fitnes merkezleri ulanylmaga berilýär.

         Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe sporta höwesli, sportuň dürli görnüşleri bilen gyzyklanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Adamlaryň sagdynlygyna ruhubelentlik esasy täsir edýän şertleriň biridir. Diňe ruhubelent adam maksada okgunly bolup kynçylyklary ýeňip bilýär. Durmuşda duş gelýän kiçijik kynçylyklary ýeňip geçmeklik geljekdäki ykbalymyzy gülletjek şuglaly sepgidimize ýetmäge giň ýol açýar.  Maksada okgunlylygyň esasy açary bolsa ruhubelentlikdir. Bu günki günde Aşgabady bütin dünýä durnukly ösýän sport şäherleriniň biri hökmünde tanaýar.  Welosipediň ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýanlygyny belledi.   Welosiped sürmek adamlaryň saglygyna gowy täsir edýär. Ol şähdiňi açýar, ruhubelentik paýlaýar.

     Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň II ýyl talyby Köwsär Abbasowa sportuň ýaýdan ok atmak görnüşi boýunça döwlet we halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolup öz saýlap alan hünärini sport bilen baglanyşdyrýar. Sport bilen meşgullanmak Köwsärde döredijilik ukyplaryny has-da artdyrýar. Sportuň bu görnüşi durmuşda duş gelýän kynçylyklary ýeňip geçmek, maksada okgunlylyk, ünsliligi, gözleriň sagdynlygynyň berkemegine uly itergi berýär. Köwsäriň döredýän sungat eserlerinde onuň çeýeligini we ukyp-başarnygynyň ýokarylygyny görmek bolýar. Sungat sport bilen sazlaşyp ajaýyp eserleriň dünýä inmegine getirýär. Ruhubelent, sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen ýeňijiniň baýraklaryndan döşi bezelenen bagtyýar talyp gyz geljekde hem sportuň bu görnüşi bilen geljekde hem meşgullanjaklygyny ynandyrýar.

     Döredijilik adamlaryna hem döwür diýseň ýokary derejede täsir edýär. Döredijilik döwür bilen dem alýar, döwür bilen deňdeş ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy dwründe sportuň belent ruhuny wasp etmek döredijilik işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar. Şu nukdaýnazardan bagtyýar talyp sungaty sport bilen baglanyşdyrýar.

     Sportuň  özi  ynsana şähdi  açyklyk  eçilýär. Şol  şähdi açyklygy  ruhy  lezzeti sungat  eserlerinde duýmak  we  kabul  etmek  has  hem  ýakymlydyr. Sportuň Hak Howandary Hormatly  Prezidentimiziň  jany sag,  belent  başy  aman  bolsun. Türkmen sportunyň ýeňişli ýollary ýene-de bagtyýar sepgitlere uzasyn.

 

Meretgeldi AKMEDOW,

Türkmenistanyň  Döwlet  Çerepçilik  akademiýasynyň  “Jemgyýeti 

öwreniş  ylymlary” kafedrasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar