Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ata Watanymyzyň bedew bady bilen ösüp-özgermegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagyna gönükdirilen döwletli işler, belent maksatlary nazarlaýan tutumlardyr oňyn başlangyçlar amala aşyrylýar. Ak bagtdan görk alýan döwrümiziň her bir gününde şatlykly wakalara beslenýän, il-günüň kalbyna buýsanç baýlygyny paýlaýan şeýle unudylmajak pursatlary, gözel görnüşleri göreniňde, muňa magat göz ýetirmek bolýar.
Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny döretmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da gözelleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan örän köp tagallalar edilýär we giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle tagallalaryň netijesinde, eziz Diýarymyzyň obalary, şäherçedir şäherleri ýaşyl begrese bürenýär. Gahryman Arkadagymyzyň bagy-bossanlyga öwürmek baradaky rowaçly başlangyçlary bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, gül görkli Watanymyzyň tutuş giňişligi döredijilik ruhuna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn syýasaty umumy göwrümli we uzak möhletleýin geljegi nazarda tutýan ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawy döretmäge gönükdirilendir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Täze taryhy eýýamymyzda daşky gurşawymyzy gorap saklamak, tebigatymyzyň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär, tebigata, daşky gurşawa degişli kämil Kanunlar, taryhy Kararlar kabul edilýär, umumadamzat bähbitli meseleleri çözmek boýunça ylmy-amaly maslahatlar, halkara forumlary yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň, «Ozon gatlagyny goramak hakyndaky», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakyndaky», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky», «Ösümlik dünýäsi hakyndaky», «Haýwanat dünýäsi hakyndaky», «Tebigaty goramak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi daşky gurşawy gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýurdumyzyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alys geljegi nazarlaýan netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, anyk we netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Ýer ýüzünde ýaşyl örtügiň adam tarapyndan köpeldilmegi esasynda, tebigata ýetirilýän antropogen zyýanly täsirleriň möçberini ep-esli azaldyp bolýandygyny dünýä möçberinde alymlar nygtaýarlar. Ýagny agaçlary köpeltmek netijesinde, topragy goramak we gowulandyrmak, onuň hasyllylygyny artdyrmak, atmosfera howasyny kislorod bilen baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, dürli görnüşdäki hapalaýjy gazlardan we fiziki hapalaýjylardan goramak, şäherlerde ses meseleleriniň belli bir möçberde azaldylmagyny gazanmak, agroekosistemada maddalaryň we energiýanyň öwrülişigini işjeňleşdirmek mümkin.
«Geljegiň ähli gülleri şu günüň tohumlarynyň içindedir» diýen pähim bar. Halk arasynda, çöl ýerde guýy gazan, saýaly-miweli bag eken, ýol we köpri guran ýalkanarmyş diýilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen tebigatyny gözelleşdirmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýany arassa saklamak barada alyp barýan syýasaty türkmeniň gadymdan gelýän ajaýyp ýörelgelerindendir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bag ekmek ýaly ajaýyp başlangyçlaryna goşant goşmagy, ata-babalarymyzdan gelýän ajaýyp ýörelgelere eýermegi biz – ýaşlar hem özümize belent borç saýýarys. Bag ekmek, öňki baglara ideg etmek ýaly parz işler durmuşymyza we ýaşaýşymyza gözellik goşýar. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Mira ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz
welaýat bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.