AKYLLY TEHNOLOGIÝALAR BIZIŇ DURMUŞYMYZDA

      Telefonlar, kompýuterler, noutbuklar, planşetler, akylly sagatlar – bularyň ählisi biziň dünýämize berk ornaşmak bilen, durmuşymyzda örän wajyp orna eýe bolup barýar. Aýratyn hem, bu «akylly tehnologiýalar» biziň geljegimiz bolan çagalary özüne has-da çekýär. Käbir çagalar irdenden başlap, tä ýary gijä çenli ykjam telefonlara, kompýuterlere güýmenýärler. Bu bolsa, olaryň gözleriniň görüjiliginiň peselmegine getirýär. Gijeki ukynyň wagtyny telefon, kompýuter oýunlaryna sarp edýän çagalar ukusyzlyk keseline duçar bolýarlar. Ukusyzlyk bolsa, çagalaryň saglygyna we okuwa ýetişigine ýaramaz täsir edýär. Ykjam telefonlarda, kompýuterlerde dowamly oýun oýnamak, bir zatlara gümra bolmak biziň boýun oňurgamyzyň gurluşyny üýtgedýär, göwrämizi küýkerdýär.

      Bilim almak, öwrenmek maksady bilen çäklendirilen şekilde ulanylan ýagdaýynda «akylly tehnologiýalaryň» durmuşymyzda örän uly işleri bitirýändigi hakykat. Durmuşymyzy aňsatlaşdyrmagy, maglumatlaryň örän aňsatlyk bilen ýetirilmegi diňe bir çagalarda däl, eýsem hemmelerde «akylly tehnologiýalara» maýyllylygy döredýär. Şonuň üçin hem, ene-atalar, ulular aýratyn hem çagalaryň «akylly tehnologiýalar» bilen geçirýän wagtlaryna berk gözegçilik etmelidirler. Bu tehnologiýalary diňe çäklendirilen şekilde bilim almak, öwrenmek maksady ulanmagyň maksadalaýykdygyny çagalara özleriniň görkezýän göreldesi bilen bilelikde, düşündirmelidirler. Çagalary «akylly tehnologiýalardan» uzaklaşdyrmak maksady bilen, olara telefon, kompýuter we ş.m. bermezlik düýbünden nädogrydyr. Bu hereket çagalary hasam öjükdirip biler. Oňa derek çagalara «olarsyz» gowy wagt geçirmegiň – kitap okamagyň, açyk howada oýnamagyň,  sport bilen meşgullanmagyň, surat çekmegiň, gezelenç etmegiň lezzetini duýmagy öwredilmelidir. Şeýle hem, öýde maşgala agzalarynyň arasynda her hepdede «telefonsyz, kompýutersiz günleri» geçirmek has hem gyzyklandyryjy bolsa gerek.

 

Şamyrat PIRMÄDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar