Kitapsyz ulalan çaga suwsuz ösen bag ýalydyr,
Iň ýakyn dosty ynsanyň «Kitap» atly ýaranydyr,
Tükenmez baýlygyň gory, ylym-bilim ummanydyr,
Aç kitabyň gatlaryny nesihata teşne wagtyň,
Pähmiňe pähim goşular hem taparsyň ondan bagtyň!
Her gün säher bilen altyn gapysyny açyp garşy alýan ak mekdebe gadam basan islendik ynsanyň ýol görkezijisi onuň mukaddes kitabydyr. Biziň ählimiz hem bilimimize gönezlik bolan «A» harpyny şol kitabyň gatlaryny açyp öwrendik. Kitaplary ürç edip okap, dünýä akyl ýetirmegi başardyk. Kitabyň nämedigine bir söz bilen kesgitleme bermek mümkin däl. Çünki ol bahasyna ýetip bolmajak mukaddeslik. Kitap – bu nesihata teşneleri gandyrýan paýhas ummanydyr. Ol Ýer ýüzündäki ähli ynsana dury suwundan eçilýär. Kitap – durmuşymyzyň mazmuny, agzybir ojaklarymyzyň törüniň bezegidir. Kitap – iň ýakyn dost, iň gowy sowgat.
Kitabyň waspyny näçe taryp etseň-de bärden gaýdýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde kitabyň ynsan durmuşyndaky orny barada şeýle rowaýat mysal getirilýär: «Bir adamyň hiç işi ugrukmaýan eken. Gije-gündiz tagat-ybadata berilse-de, yhlasy kem düşýärmi ýa-da nesibesi duşanokmy, garaz, hiç işi ugruna bolubermändir. Ahyry ol öz döwrüniň meşhur alymlarynyň biri, dili dogaly ulama Muhammet al-Abywerdiniň ýanyna baryp, başyny alan bu müşgülliklerden halas bolmagyň alajyny sorapdyr. Alym onuň iň soňky gezek haçan sadaka berenligi bilen gyzyklanypdyr. «Özümi zordan ekleýän. Gün-güzeranym ýabygorly. Elimiň uzadan ýerime ýetmegi beýlede dursun, hat-da ýekeje lukmany arkaýyn agzyma ýetirip bilemok, bu ýagdaýda nädip, sadaka bereýin?!» diýip, ýere bakypdyr. «Ýeri bolýar, onda iň soňky gezek haçan ýagşylyk etdiň?» diýip, alym ýene-de oňa sowal bilen ýüzlenipdir. «Öz derdime başagaý bolup ýörşüme, özgelere ýagşylyk etmek pikiri asla kelläme gelmändir» diýip, ýigit göwünli-göwünsiz dillenipdir. «Ýeri bolýar, mundanam geçeli, onda iň soňky gezek haçan kitap okadyň?» diýip, alym sorapdyr. «Kitaby soňky gezek elime alanyma ýyl ýarym bolandyr» diýip, ýigit bu gezek kanagatlanarly jogap beripdir. «Baý-bo-ow, heý, beýle-de bir zat bolarmy? Adam üç günläp kitap okamasa, onuň ýüregi poslap başlaýar. Onsoň, ol adam hiç bir şowlulygy hem, gowulygy hem görüp ýa-da duýup bilmeýär. Atalarymyzyň aňymyza guýan şeýle öwütleri bar: Eger bir işiňiz ugrukmasa, şu üç işi: ýagdaýyň boldugyndan sadaka bermegi, başardygyňdan ýagşylyk etmegi we kitap okamagy berjaý ediň. Ana, şondan soň işiň ugrugyp gidişine haýran galarsyň» diýip jogap beripdir».
Bu rowaýatyň üsti bilen, kitabyň ynsan durmuşyndaky orny giňişleýin açyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, kitap biziň durmuşymyzda dem alýan howamyzdan, gündelik azyk-owkatymyz bolan çörekdir-suwumyzdan soňra iň esasy zerurlyk bolup durýar. Sebäbi ýaşaýşa düşünmegiň we öňe ilerlemegiň, ösüşiň özeninde ylym-bilim ýatyr. Ylym-bilimi bolsa kitaplar arkaly has özleşdirip bilýäris. Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ganatly jümlelerini ýol-ýörelge edinip, biz – türkmen ýaşlary älem syrlarynyň açarlaryny özünde jemleýän, ylym-bilimiň, döredijiligiň hazyna gorlary bolan kitaphanalara yzygiderli gatnap, ol ýerdäki kitaplary ürç edip okaýarys. Kitaphanalarda okuwdan daşary tejribeligimizi geçýäris. Kitap okamak ynsana ruhy lezzet berýär, bilimizi has-da artdyrmagymyza ýardam edýär. Çünki älem syrlarynyň açary mukaddes kitaplarda jemlenendir.
Owadan arzuwlaryň wysal bolup, maksatlaryň myradyna gowuşýan ýurdunda biz ýaşlara ylym-bilim dünýäsinden mynasyp paýymyzy alyp, yhlasly okap, dünýä dillerini kämil derejede öwrenmegimiz üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Biz ýaşlaryň görelde mekdebimiz bolan ajaýyp kitaplary peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýyllara şamçyrag bolaýan, asyrlara nur çaýýan beýik tutumlary rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.