Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze taryhy zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmegine, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belende göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ertirki günüň eýeleri bolan biz – ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize uly mümkinçilikleri döredýär. Şunda ýaşlaryň zamanabap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelip, halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany hasda artýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli alnyp barylýar, şunda «Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmeginiň şerti hökmünde bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek üçin işjeň we maksada okgunly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ýaş nesiller baradaky giň gerimli aladalar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky tagallalar jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent joşguny bilen sazlaşygy emele getirýär, ajaýyp zamanamyzda «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, onuň binýadynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» tassyklanylmagy, ýaş nesillerimize, bilim almakda, zähmet çekmekde ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwlet tarapyndan uly goldawa eýedigini açyp görkezýär. Jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň başarnygyny, sagdyn we kämil ösüş derejesiniň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, şeýle hem olaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramakda we muny iş ýüzünde amala aşyrmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýaşlar hem öz gezeginde döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, şeýle hem döwlet we milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, olar bilim, ylym, medeniýet hem-de tehnologiýa babatda ýurdumyzyň ösüş depginine mynasyp goşant goşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň gujur-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ertirleriniň nurana we eşretli boljakdygyna ynamyny artdyrýar. Bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän ýaşlaryň Howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan beýik tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Ybraýym HOJABERDIÝEW,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar
guramasynyň sanly ulgam boýunça hünärmeni.