MAŞGALA MUKADDESLIGI

      Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň mukaddes ojagy hasaplanýar. Ine, şonuň üçin halkymyz maşgalany ojak, saçak ýaly kerem-keramata deňeýär. Ata-babalarymyz maşgalada halallyk diýen düşünjä aýratyn üns beripdirler. Çünki pederlerimiziň nygtaýyşlary ýaly, halallyk bu ynsaplylyk, ýagşylyk, päklik ýaly düşünjeleriň hem kemala gelmegini aňladýar. Türkmen maşgalasynyň terbiýesi Nuh pygamberden, Oguz hanyň ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty asyrlarboýy dowam edip gelýän türkmeniň maşgala däplerini dikeltmeklige, ony nesilleriň dowam etdirmeklerini gazanmaklyga gönükdirilendir. Bu taglymat maşgala uly sarpa goýup, ony mukaddesleşdirip, özboluşlylygyny her bir öňe sürýän ýörelgesinde, başlangyçlarynda, tekliplerinde giňden beýan edilýär. Dogrudanam, maşgalanyň berk bolmagyny isleýän adam, ilki bilen, maşgalanyň agzybirligini, asudalygyny goramak bilen maşgala ojagyny, ojak eýesini hormatlaýar. Ruhy-ahlak, edep-ekram, tertip-düzgün, lebiz, borç, halallyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, watançylyk duýgulary öý-ojakdan, ata-enäniň öz çagalaryna görelde bolup siňdiren yhlasyndan gözbaş alýar.

      Asyrlarboýy dowam edip gelýän bu häsiýetler türkmen maşgalasynyň esasyny düzen ahlak gymmatlyklardyr. Ýyllaryň dowamynda kemala gelen bu gymmatlyklar bilen bir hatarda türkmeniň söýgi, zähmetsöýerlik, ýagşylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly häsiýetler asyrlardan-asyra aşyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Türkmeniň şeýle mukaddes häsiýetlerini geljekde ýaş nesillere geçirmek her birimiziň borjumyz bolup durýar.

      Türkmen maşgalasy barada gürrüň edilende, türkmen zenanyny, gyz-gelinlerini wasp etmezlik mümkin däl. Sebäbi türkmen ojagynyň agzybirligini, mukaddesligini, halallygyny, dowamlylygyny saklap,  gorap, dowam edip gelýän türkmen zenanlary häzirki döwürde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler. Ol zähmetiň aňyrsynda halallyk zähmetsöýerlik, arassaçylyk ýaly häsiýetler jemlenýär. Şol häsiýetler bolsa türkmen zenanyny mukaddeslik derejesine galdyrýar. Bu häsiýetler, ilki bilen, zenan edebiniň amal edilmegi esasynda döreýär. Zenan- edep hazynasy. Zenana uýat-haýa, päklik, mähremlik ýaly häsiýetler has ýakyn. Uýat-haýa diýen düşünje gyz-gelinleriň özlerini maşgalada, köpçülik ýerlerinde alyp baryşlary, gelişýän egin-eşik geýinmekleri, hereketleri, sözleýişleri bilen baglydyr. Päklik diýen düşünje bolsa dogruçyllyk, adyllyk ýaly häsiýetler bilen arabaglanyşyklydyr.

      Zenan mukaddesliginiň iň ýokary derejesi ene mukaddesligidir. Maşgalada, çaga terbiýesinde enäniň orny uly, çünki ol döredijidir. Türkmen ojagynyň ýylysy, mähri türkmen öýüniň eýesi hasaplanýan enäniň häsiýetleri bilen bir hatarda, onuň işeňňirligi barada gürrüň etmeklik hem parzdyr. Çünki enäniň işeňňirligi hem mukaddesligiň bir görnüşidir diýsek ýalňyşmarys. Öýüň hojalyk işleri bilen bir hatarda, biziň mähriban enelerimiz öz nepisligi, owadanlygy bilen dünýä ýüzüne dolan ajaýyp türkmen halylaryny dokapdyrlar, tikin-çatyn edipdirler. Ýaşajyk gyzlara milli hünärleri öwredip, el hünärini nesilden-nesle geçirip, biziň şu günimize ýetiripdirler. Bu gün biziň milletimiziň kalby, buýsanjy hasaplanylýan halylarymyz müňlerçe ýyl ozal bolşy ýaly sungatyň iň kämil hem-de hiç haçan gaýtalanmajak görnüşidir.

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzymmukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýip nygtaýar. Şu jümläniň many-mazmunynda her bir perzendiň öz enesine bolan sylag-hormaty, söýgüsi öňe çykýar. Perzent öz enesini razy eden ýagdaýynda ol il-ulusyny hem razy edip biler. Şeýdip ol maşgala edebini jemgyýetde dowam eder, ýagny ilhalar, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri bitirer. Şeýdip ol jemgyýetde öz käriniň üsti bilen açylyp, şahsyýet derejesine çykar.

      Her bir ene öz perzendini şu dünýä getirip, onuň bagtly bolmagyny arzuw edýär. Bagt diýilýän zat bolsa, her bir perzendiň jemgyýetde öz saýlap alan hünäriniň üsti bilen açylyp, ýurdumyzdaky ösüşlere, özgerişliklere goşulyp, öz ornuňy tapmak bilen bagly bolýar.

 

Ogulnur ŞAPOLADOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat

etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar