BAHARDA ÝERINE ÝETIRILÝÄN DÄPLER

     Göwünleri joşduryp gelýän bahar paslynda özboluşly jady bar. Bu pasyl ylaýta-da juwan ýüreklere aýratyn täsir edýär. Ýaz paslynyň ýakynlaşmagy bilen ene-mamalarymyzdan ýaz pasly hakynda eşiden gürrüňlerim ýadyma düşýär. Olaryň aýtmagyna görä, Nowruz saçagyna ýedi hili daragtyň şahasyndan döwüp getirip goýýarlar. Olar alma, behi, zeýtun, nar, badam, pisse we hozdur. Şolar bilen birlikde gatyk, süýt, peýnir, ýumurtga, balyk we ýanyp duran şemler goýulýar.

     Ejem her ýylyň bereketli gelmegini yrym edip, baharda ilkinji gezek peýda bolan älemgoşara tarap suw sepýär. Şeýle edilse, ýyl ýagynly we bereketli bolýarmyş. Baharyň gelmegini «gök torgaý» atly guşuň uçup gelşi bilen kesgitleýärler. Bahar gelende ýaşulylar ýörite gaplara däne ekip, olaryň ösüp çykyşyna garap, güýzki alynjak hasylyň mukdaryny anyklaýarlar. Eger däneler gowy ösüp çyksa, bu hasylly, bereketli ýyldan nyşandyr. Däneler seýrek gögeren bolsa, kem hasylly güýzden alamat diýip düşünipdirler.

     Bahar gelende azal aşy bişirilýär. Has gadymy döwürlerde azal sazlanyp, öküzleriň şahy ýaglanypdyr. Ata-babalarymyz ýaz paslynda ýagýan ýagyşlary synlap, olara dürli atlary goýupdyrlar. Olar Nowruzdan soň ýagýan ýagşa «Sary sowran» diýip at beripdirler. Türkmenistanda ýaşaýan guşlaryň birnäçesi hemişe göçüp-gonup ýörmän, hemişe şol bir ýerde ýaşaýarlar. Käbirleri bolsa gyş ukusyna gidýärler. Çekik, saryja geçi guşlary hinlerde ýa-da başga bir amatly ýer tapyp gyş ukusyna gidip, ýazda howa maýlap başlanda oýanyp, guma oýkanyp, tozan turuzýarlar, silkinýärler. Şol döwürde ýagýan ýagşa-da pederlerimiz sary sowran diýipdirler.

     Halk arasynda «Sowrany bolmadygyň döwrany bolmaz» diýen pähim hem bar. Bu pähim ýagşyň topragyň bereketi üçin gerekligi göz öňünde tutulyp aýdylypdyr.

     Keýik diýen närse hiç wagt ýeke guzlamaýar. Olar mydama iki sany tokgaryny yzyna düşürip ýörendir. Eger tokgar ýeke bolsa, onda ol keýik garamygynda heläk bolandyr. Keýikleriň hemmesi aprel aýynda guzlaýarlar. Şol döwürde ýagýan ýagşa-da «keýik garamygy» diýilýär. Ýaz paslynda adamlaryň ruhy täzelenýär. Olar tebigatyň her bir alamatyny yzarlap, ajap däpleri döredipdirler.

 

Nadira RAHMEDOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

MAŞGALA MUKADDESLIGI

Indiki makala

BAGTYÝARLYK ŞUGLASY

Meňzeş habarlar