BAGTYÝARLYK ŞUGLASY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda toýlar toýlara ulaşyp, güneşli diýarymyz barha belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Pasyllaryň soltany hasaplanýan baharyň ilkinji günlerinde giňden toýlanan Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabaralarynyň şanly wakalara ulaşmagy has-da guwançly boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymgyly Pyragy» ýylynyň şol şatlykly toý günlerinde Ahal welaýatymyzdan köp çagaly eneleriň 34-siniň hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolmagy, şolaryň dördüsine Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň «akylly» jaýlaryndan öýleriň sowgat edilmegi göwün göteriji boldy.

      Änew şäherindäki Medeniýet öýünde bolan baýramçylyk dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen ada mynasyp bolan enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Änew şäheriniň gözel künjeginde dört gatly 64 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, bagtyýar maşgalalara öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy bolsa, toý gününiň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Bizi aýratyn begendirýän zatlaryň biri-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleriniň işgärleriniň, şeýle-de Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň şol dabaralara uly ruhubelentlikde gatnaşandygydyr.

      Biz — bagtyýar ýaşlar beýik döwrümize buýsanýarys hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalara hemişe-de işjeň gatnaşarys.

 

Merdanaly ORAZBERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar