BAGTYÝAR DURMUŞYŇ GIREWI

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi netijesinde eziz Diýarymyzda halkara derejeli sport ýaryşlary giňden geçirilýär. 2023-nji ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi ata Watanymyzyň sportdaky at-abraýyny has-da belende göterdi. Dünýä çempionatynda ýurdumyzyň türgenleriniň gazanan üstünlikleri has-da guwandyryjydyr. Bedenterbiýe we sport babatynda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ilaty bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta uly üns berilmegi ýaş nesli diýseň begendirýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak — sagdyn we bagtly durmuşyň girewi. Ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda yzygiderli alada edip, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Merdan ORAZOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.