«PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ JOŞGUNY

      Söz sungatynyň görnükli wekili, türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň ösüşine hem bimöçber goşant goşdy. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň her bir setiri köňülleriň senasy bolup ýaňlanýar. Her bir ynsan şeýle beýik şahsyýetiň döredijiligi bilen içgin tanşyp, şahyryň şygryýet ummanyndan ruhlanýar. Şahyryň sada dilde ýazylan eserleri türkmen halk aýdymlary bolup ýaňlanýar.

      Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, ölmez-ýitmez edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda, ýurdumyzyň çäginde we goňşy döwletlerde wagyz-nesihat işlerini geçirmekde uly işler alnyp barylýar.

      Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, ýaşlaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmegi barada beren öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly geçirildi.

 

      Onda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbiniň beýan edilmegi, akyldar şahyryň goşgularynyň labyzly, çeper okalmagy we olardan bir wakanyň sahnalaşdyrylmagy, şahyryň goşgularyna düzülen halk aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi hem-de Pyragy barada ýaş şahyrlaryň öz goşgusyny çeper okamagy we  berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wasp edýän edebi-sazly kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi döredijilik festiwalynyň esasyny düzdi.

      Festiwala gatnaşyjylar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijiligini giňden açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

 

Pirnazar REJEPOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we

maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.