Şu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişmek dabarasyna iki ýylyň dolmagy mynasybetli, ýurdumyzyň dürli ugurlarynda bilim alýan, zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Watana wepaly, ynama ygrarly, belent maksatly ýaşlar – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly bilen beýik geljege tarap» atly aýdym-sazly brifing duşuşygy geçirildi. Bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda sowal-jogaply geçirilen brifing duşuşygynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýurt baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzda gysga döwrüň içinde mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak bilen bagly bitirilen beýik işler, taryhy özgertmeler, aýratyn-da türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda bilim, ylym, saglyk, sport ulgamlarynda we ýurdumyzyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, hususan-da ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatynda, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýaşlaryň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynda alnyp barylýan işler hem-de gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin gürrüňler edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy türkmen ýaşlarynyň milli we halkara derejeli dürli duşuşyklardyr maslahatlara, sammitlerdir forumlara, sport we akyl-paýhas bäsleşiklerine, festiwallardyr beýleki medeni köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň örän uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Giň okyjylar köpçüliginiň gyzgyn söýgisini gazanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji eseriniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň halkymyza peşgeş berilmegi we ondaky ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek bilen bagly getirilýän öwüt-ündewleriň, pähim-paýhaslaryň, parasatly jümleleriň möhüm ähmiýeti barada, şeýle-de ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilip gurulyp ulanmaga berilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde, ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, döredijilikli zähmet çekmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, medeniýetli dynç almagy dogrusyndaky döredilen giň mümkinçilikler, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edilmegi dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi.
Brifing duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys, olar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir» diýip asylly maksada gulluk edýän, ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän, ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän, ýaşlara mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, baglaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy sargyt edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowana menzillerde rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Mahym SELIMOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.